Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saakaşwili ABŞ-dan Tbilisä basyş etmegini soraýar


Gürjüstanyň ozalky prezidenti Mihaýil Saakaşwili (arhiw suraty)
Gürjüstanyň ozalky prezidenti Mihaýil Saakaşwili (arhiw suraty)

Gürjüstanyň ozalky prezidenti Mihaýil Saakaşwili, ýurtda demokratiýanyň “uly howp astyndadygyny” aýdyp, ABŞ-dan gürji hökümetine basyş etmegini sorady.

Saakaşwiliniň Politico neşirinde 20-nji noýabrda çap edilen açyk hatynda Günorta Kawkaz ýurdunda “azatlyklaryň howply ýagdaýda çäklendirilýändigi, şeýle-de Russiýanyň täsiriniň artýandygy” bellenilýär.

Saakaşwili sekiz ýyllyk meýletin bosgunlykdan soň Gürjüstana dolanandan soň tussag edildi we 1-nji oktýabrdan bäri gözenegiň aňyrsynda saklanýar. Saakaşwili açyk hatynyň çap bolan güni 50 günlük açlygyny hem bes etdi. Şol bir wagtda, onuň azat edilmegi we raýat hassahanasyna geçirilmegi boýunça çagyryşlar dowam edýär.

Saakaşwilini goldamak üçin açlyk yglan eden on sany gürji kanunçykaryjysy hem şol günüň özünde bu çärelerini bes etdiler.

Saakaşwili 2004-2013-nji ýyllar aralygynda Gürjüstanyň prezidenti boldy.

2018-nji ýylyň ýanwarynda oňa wezipe çäklerinden çykandygy boýunça gaýybana iş kesilip, ol üç ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

2018-nji ýylyň iýunynda oňa häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanandygy boýunça ýene gaýybana iş açylyp, oňa alty ýyl tussaglyk hökümi çykaryldy.

Saakaşwili we onuň goldawçylary bu işleriň syýasy äheňlidigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG