Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan ýörite güýçleriniň ozalky agzalary ABŞ-dan hemaýat soraýarlar


Owganystanda müňlerçe adam “Talybanyň” mümkin ar almagyndan howatyr edip, uruşdan ejir çeken ýurdy terk etmek isleýärler.
Owganystanda müňlerçe adam “Talybanyň” mümkin ar almagyndan howatyr edip, uruşdan ejir çeken ýurdy terk etmek isleýärler.

Owganystanyň ýörite güýçleriniň we komando bölümleriniň ozalky ýokary derejeli wekilleri ABŞ-a ýüzlenip, “ynsanperwer heläkçiligiň” öňüni almak maksady bilen, ýurtda galan şahsy düzümiň beýleki agzalaryny hem Birleşen Ştatlara äkitmäge çagyrdylar.

Bu barada atlandyrylmasyzlygyny soran ozalky ýokary derejeli howpsuzlyk resmisi 23-nji noýabrda Azatlyk Radiosyna beýanat ugratdy.

Awgustyň ortasynda ABŞ-nyň we koalisiýadaky beýleki döwletleriň öz goşunlaryny Owganystandan çykarmagyndan soň Günbatar tarapyndan goldanylan Kabul hökümetiniň synmagy bilen, Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary töwekgelçilikdäki on müňlerçe adamy ýurtdan ewakuasiýa etdiler.

Oktýabryň aýagyndaky maglumatlara görä, 53 müň töweregi owganystanly Birleşen Ştatlaryň sekiz harby bazasynda saklanylýar. Olary ýurduň dürli künjeklerine ýerleşdirmezden ozal, olara saglyk kömegi we beýleki hemaýatlar berilýär.

Emma Owganystanda başga-da müňlerçe adam, esasan hem Günbatar harbylary bilen işleşenler “Talybanyň” mümkin ar almagyndan howatyr edip, uruşdan ejir çeken ýurdy terk etmek isleýärler.

Ýörite güýçleriň ozalky ýokary derejeli wekilleri beýanatynda “Owganystanyň iň aňrybaş harby wekilleriniň” ABŞ, NATO güýçleri we halkara hyzmatdaşlar bilen işleşip, “soňky 20 ýylyň dowamynda halkara terrorizmi ýok etmek boýunça” umumy maksada hyzmat edendiklerini bellediler.

XS
SM
MD
LG