Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AEHA-nyň başlygy Grossi eýran resmileri bilen duşuşýar


Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (AEHA) baş direktory Rafael Grossi
Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (AEHA) baş direktory Rafael Grossi

BMG-niň atom agentliginiň başlygy, Eýranyň ýadro desgalaryna baryp görmek üçin has köp mümkinçilikleriň döredilmegi ugrunda basyş etmek üçin, yslam respublikasynyň resmileri bilen duşuşýar. Bu 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygy boýunça öňümizdäki hepde Wenada başlanmaly gepleşikleriň öňýanynda amal edilýär.

Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (AEHA) baş direktory Rafael Grossi 23-nji noýabrda Eýranyň Atom energiýasy boýunça guramasyna geldi. Bu Grossiniň fewraldan bäri Eýrana amal eden üçünji sapary boldy.

Grossiniň guramanyň täze ýolbaşçysy we Eýranyň wise-premýeri wezipesine bellenen Mohammad Eslami bilen hem gepleşikleri geçirmegine garaşylýar.

2008-nji ýylda BMG Eslamiýe garşy “Eýranyň çylşyrymly ýadro hereketlerine ýa-da ýadro ýaragyny daşamaga ukyply ulgamlaryň işlenip taýýarlanmagyna dahylly bolandygy, bulara gönüden-göni gatnaşandygy ýa-da goldaw berendigi üçin” gadagançylyklary girizipdi.

Grossi 22-nji noýabrda özüniň Twitter hasabynda eýran resmileri bilen “bar bolan meseleleri gozgamagy” umyt edýändigini aýtdy.

“Men [Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň] ýurtdaky möhüm seljeriş işlerini dowam etdirip bilmegi üçin, netijeli we özara hyzmatdaşlyga esaslanýan gönümel dialogyň ýola goýulmagyna umyt edýärin” diýip, Grossi belledi.

Grossi Eýranyň daşary işler ministri Hosseýin Amir-Abdollahian bilen hem gepleşikleri geçirer.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Said Hatibzadeh 22-nji noýabrda Grossiniň saparynyň öňüsyrasy çykyş edip, Tähranyň saparyň “ozalkylar ýaly netijeli boljakdygyna” umyt edýändigini aýtdy.

2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygy Eýrany ýadro programmasyny jylawlamagyň öwezine, oňa garşy girizlen halkara sanksiýalaryň gowşadylmagyny göz öňünde tutýardy.

Emma 2018-nji ýylda ABŞ-nyň şol wagty prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlary bu ylalaşykdan çykardy we Eýrana garşy sanksiýalary ýaňadandan girizdi. Tähran muňa jogap edip, ylalaşygyň çäklerinde öz üstüne alan borçnamalaryndan el çekip başlady.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden eger-de Eýran ylalaşykdaky ähli şertleri berjaý edip başlasa, onda ylalaşyga täzeden goşuljakdygyny aýtdy.

Ylalaşyk boýunça aprelde Wenada başlanan gepleşikler iýunda, ýagny haçanda yslam respublikasyna aşa berk çäreleriň tarapynda çykyş Ibrahim Raisi saýlanandan soň saklanypdy.

Ýadro ylalaşygy boýunça Wenadaky gepleşikler 29-njy noýabrda dowam eder.

XS
SM
MD
LG