Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Birleşen Ştatlaryň demokratiýa sammitine çagyrylmady


Jo Biden
Jo Biden

Prezident Jo Baýden 110 töweregi ýurdy dekabr aýynda demokratiýa boýunça guraljak wirtual sammite çagyrdy.

Döwlet departamentiniň web sahypasynda 23-nji noýabrda ýerleşdirilen sanawa görä, sammite çagyrylanlar Günbatar ýaranlaryndan ybarat, emma Hytaý bilen Russiýa, ABŞ-nyň NATO boýunça ýarany Türkiýe sanawa girizilmändir.

Sanawda Merkezi Aziýadan hiç bir ýurt ýok, Azerbaýjan, Bosniýa-Gersegowina we Wengriýa hem sanawa girizilmändir.

Demokratiýa sammiti 9-10-njy dekabr aralygynda hökümet, raýat jemgyýeti we hususy pudak ýolbaşçylaryny bir ýere jemlär.

"Sammitde demokratiýalaryň öňünde durýan kynçylyklar we mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşylar we liderlere şahsy we köpçülikleýin borçnamalary, özgertmeleri, demokratiýany we adam hukuklaryny goramak başlangyçlaryny yglan etmek üçin platforma dörediler" diýip, Döwlet departamentiniň habarynda aýdylýar.

"Bu borçnamalar awtoritarizme garşy göreşmek, korrupsiýa garşy göreşmek we adam hukuklaryna hormat goýmak babatdaky içerki we halkara başlangyçlary hem öz içine alar" diýip, sammit baradaky habarda bellenýär.

XS
SM
MD
LG