Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bolgariýa, Demirgazyk Makedoniýa awtobus heläkçiliginde ölen onlarça adamyň ýasyny tutýar


Struma ýolyundaky häläkçilik

Bolgariýa, Kosowa we Demirgazyk Makedoniýa Sofiýanyň daşynda awtobus heläkçiliginde ýogalan 46 pidanyň, şol sanda on iki çaganyň ýasyny tutýar.

Bolgariýanyň hökümeti 24-nji noýabry ýas güni diýip yglan etdi, Demirgazyk Makedoniýada bolsa ýas üç gün dowam edip, baýdaklar ýarpy derejede aşak goýberiler we köpçülikleýin çäreler ýatyrylar.

Günbatar Bolgariýada bolan heläkçiligiň pidalarynyň köpüsi Demirgazyk Makedoniýadan gelen alban syýahatçylarydy.

Demirgazyk Makedoniýanyň premýer-ministri Zoran Zaýew heläkçilik habary çykan badyna derrew Bolgariýa baryp, iki ýurduň heläkçiligiň sebäbini anyklamak we ölenleriň agyr şikes ýeten jesetlerini anyklamak üçin doly derejede hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy.

Diri galan ýedi adam Sofiýada bir hassahana ýerleşdirildi, olar ýanyk ýaralary sebäpli bejergi alýar.

23-nji noýabrda, Sofiýanyň 31 km günorta-günbataryndaky Bosnek obasynyň golaýynda bolan heläkçiligiň sebäbi entek belli däl.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG