Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan harbylar üçin sowutly awtoulag öndürýär


"Qalqon" (Galkan)
"Qalqon" (Galkan)

Goranyş senagaty boýunça döwlet komitetiniň habaryna görä, Özbegistan ýeňil sowutly “Kalkon” (“Galkan”) awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmäge başlady.

Awtoulagyň özbek hünärmenleri tarapyndan, “noldan” işlenip düzülendigi aýdylýar.

"Awtoulag ýurduň hukuk goraýjy edaralary we beýleki degişli gulluklary tarapyndan geçirilen ähli synagdan üstünlikli geçdi" diýip, döwlet komitetiniň habarynda bellenýär.

Döwlet edarasynyň maglumatyna görä, hünärmenler ýeňil sowutly awtoulagyň tehniki we taktiki aýratynlyklarynyň Ýaragly güýçleriň talaplaryna we halkara ülňülerine laýyk gelýändigini tassykladylar.

Goranmak senagaty boýunça döwlet komiteti 20-nji maýda Özbegistanda harby maksatlar üçin ulanylmaly başga bir ýeňil sowutly maşynyň, “Tarlon” ulagynyň synagynyň başlandygyny habar berdi.

2021-nji ýylyň ýanwar aýynda berlen habarda “Kalkon” we “Tarlon” awtoulaglarynyň Nurafşanda, 12 gektar meýdany tutýan täze zawodda öndüriljekdigi aýdyldy.

55 million dollarlyk taslama prezident Şawkat Mirziýoýewe 11-nji ýanwarda hödürlendi.

Bu taslamanyň amala aşyrylmagy üçin Özbegistanyň Milli banky 39 million dollar, “Nurafshon-Maxsus-Texnika” kompaniýasy bolsa 16 million dollar berer. “Krantas Group” we Toýtepe demir zawody bolsa önümçiligi gurnaýjylar boldy. tarapyndan gurnaldy.

Zawodyň bir ýylda ýüz sany “Kalkon” we “Tarlon” awtoulaglaryny öndürmegine garaşylaýr.

XS
SM
MD
LG