Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz resmileri saýlawdan öň dildüwşük guranlaryň tutulandygny aýdýar


Howpsuzlyk geňeşiniň ýygnagy. Kamçibek Taşiýew, Sadyr Žaparow. Bişkek, 26-njy noýabr, 2021
Howpsuzlyk geňeşiniň ýygnagy. Kamçibek Taşiýew, Sadyr Žaparow. Bişkek, 26-njy noýabr, 2021

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti merkezi aziýa ýurdunyň bir ýyldan gowrak wagt içinde geçirýän dördünji uly ses berişliginiň iki gün öňünden döwlet agdarylyşygyny geçirmek maksady bilen dil düwüşmekde güman edilýän 15 adamyň tussag edilendigini yglan etdi.

Döwlet komiteti bu diýilýän dildüwşügi gurnaýjylaryň arasynda Ýokarky geňeşiň, bir palataly kanun çykaryjy guramanyň kanun çykaryjylarynyň, öňki ýokary wezipeli adamlaryň hem bardygyny aýtdy, ýöne güman edilýänleriň hiç biriniň şahsyýetini anyklaşdyrmady.

Şeýle-de, Milli howpsuzlyk komitetiniň habarynda, Jenaýat kodeksiniň hökümeti güýç bilen agdarmak bilen bagly maddalara laýyklykda, deslapky kazyýet işiniň başlanandygy aýdylýar.

Soňky iki onýyllykda dörän köçe protestleri Gyrgyzystanda hökümetiň üç gezek agdarylmagyna we, şol sanda, geçen ýylky ses berişlikden soň, häzirki prezident Sadyr Žaparowyň häkimiýet başyna gelmegine sebäp boldy.

Gyrgyzystanyň milli parlament saýlawlary 28-nji noýabrda, 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen ses berişligi gaýtalamak üçin bellendi. Şondan bäri Žaparow prezident saýlawyny we şol bir wagtda-da, prezidente has köp ygtyýarlyk berýän konstitusiýa üýtgetmeleri boýunça referendum geçirdi.

Resmiler köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň döwlet agdarylyşygy meýilnamasynyň bir bölegidigini we gözlegleri netijesinde ýaraglaryň, ok-därileriň we neşe serişdeleriniň ýüze çykarylandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG