Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň XV sammiti geçirilýär


28-nji noýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) XV sammiti öz işine başlady.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmegine geçirilýän maslahata gatnaşmak üçin gelen döwlet, hökümet baştutanlary paýtagtda dabaraly ýagdaýda garşy alyndy, olar bilen sammitden öň dürli derejedäki gepleşikler geçirildi.

Mundan başga, 27-nji noýabrda YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Sammite Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, Eýrannyň prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Pakistanyň prezidenti Arif Alwin, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystanyň premýer-ministri Askar Mamin, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretary Husraw Nozirin, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew we beýlekiler gatnaşýar.

Ösüş üçin sebitleýin hyzmatdaşlygyň dowamy hökmünde 1985-nji ýylda Türkiýe, Eýran we Pakistan tarapyndan döredilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) 1992-nji ýylda Owganystan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan hem goşuldy.

Bu gurama söwda we maýa goýumlary boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin sammitleri, ministrleriň ýygnaklaryny we yzygiderli mejlis geçirýär.

Türkmenistan 28-nji noýabrda geçirilýän sammiti 2021-nji ýylda YHG-da başlyklyk edýän döwlet hökmünde kabul edýär.

XS
SM
MD
LG