Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanlylar täze parlament üçin ses berýär


Bişkek. 28-nji noýabr, 2021.
Bişkek. 28-nji noýabr, 2021.

Gyrgyzystanly saýlawçylar 28-nji noýabrda Merkezi Aziýa döwletiniň bir ýyldan gowrak wagtyň içinde geçirýän dördünji ses berişligine gatnaşýarlar.

Parlament saýlawlaryndan birnäçe gün öň häkimiýetler, hamala, ses berişlikden soň agdarylyşyk gurnamakda aýyplap, 15 adamy tussag edendiklerini habar berdiler.

Soňky iki onýyllykda dörän köçe protestleri Gyrgyzystanda hökümetiň üç gezek agdarylmagyna we, şol sanda, geçen ýylky ses berişlikden soň, häzirki prezident Sadyr Žaparowyň, türmeden boşadylmak bilen, häkimiýet başyna gelmegine sebäp boldy.

Žaparow prezident saýlawyny we şol bir wagtda-da, prezidente has köp ygtyýarlyk berýän konstitusiýa üýtgetmeleri boýunça referendum geçirdi. Tankytçylar onuň bu gören çäresini has kän ygtyýarlyk almak üçin göçülen göçüm hökmünde häsiýetlendirdiler.

Häzirki saýlawlar geçen ýylyň oktýabr aýynda geçirilen we, kampaniýa bidüzgünçilikleri we adalatsyz ses sanaýyş praktikalary diýilýänler üstünde dörän baş-başdak protestler sebäpli, Merkezi saýlaw topary tarapyndan derrew netijleri ýatyrylan parlament saýlawynyň gaýtalanmagy bolup durýar.

Bir palataly parlamentdäki ýa-da Ýokarky geňeşdäki 90 orun üçin ýigrimi bir partiýa we ýüzlerçe etrap dalaşgäri bäsleşýär.

Gyrgyz halky ses berýär
Gyrgyz halky ses berýär

Geçen ýylky saýlawa diňe bäş partiýa gatnaşdy, olar: Ata-Meken, Bütin Gyrgyzystan (Birleşen Gyrgyzystan), Ynam Nury (Iman şöhlesi), Sosial-demokratlar we Ordo (Merkez) partiýalarydyr.

Saýlaw býulletenleri Gyrgyzystanyň 2435 saýlaw uçastogynda, şeýle-de 29 ýurtdaky 59 ýerde, şol sanda gyrgyz migrant işçileriniň iň köp işleýän ýeri bolan Russiýadaky 20 saýlaw nokadynda saýlaw gutularyna taşlanar.

Ses berişlige gözegçilik etmek üçin 730 töweregi halkara synçy, şol sanda Ýewropadaky Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň 288 wekili ygtyýarnama aldy.

ses berişlik ýerli wagt bilen ir sagat 8-de açyldy we agşam sagat 8-de ýapylýar.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti 26-njy noýabrda döwlet agdarylyşygyny geçirmek maksady bilen dil düwüşmekde güman edilýän 15 adamyň tussag edilendigini yglan etdi.

Döwlet komiteti bu diýilýän dildüwşügi gurnaýjylaryň arasynda Ýokarky geňeşiň, bir palataly kanun çykaryjy guramanyň kanun çykaryjylarynyň, öňki ýokary wezipeli adamlaryň hem bardygyny aýtdy, ýöne güman edilýänleriň hiç biriniň şahsyýetini anyklaşdyrmady.

Şeýle-de, MHK Jenaýat kodeksiniň hökümeti güýç bilen agdarmak bilen bagly maddalara laýyklykda, deslapky kazyýet işiniň açylandygyny aýtdy.

Aňtaw gullugynyň metbugat sekretary Kumuşbek Şabdanow güman edilýänleriň 1000 töweregi adam toplandygyny we saýlawdan soň bidüzgünçilik gurnamaga taýýarlanandygyny aýtdy.

Resmiler köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň planyň bir bölegi bolandygyny we gözleg netijesinde ýaraglaryň, ok-därileriň we neşe serişdeleriniň bardygyny aýtdylar.

Žarowyň tankytçylary döwlet baştutanynyň mümkin bolan garşydaşlaryny nyşana almak we häkimiýet ygtyýarlyklaryny giňeltmek bilen, özünden öňki ýolbaşçylaryň ýalňyşlyklaryny gaýtalaýandygyny aýtdylar.

Žaparow aprel aýynda prezidente uly ygtyýarlyklary berjek referendum geçirip, konstitusiýa üýtgetmelerini girizdi.
Geçen aý ol hökümet başlygyny işden aýyrdy we premýer-ministr bilen prezident edarasynyň başlygynyň wezipelerini birleşdirdi.

Täze konstitusiýanyň kabul edilmegi netijesinde parlamentiň ygtyýarlyklary azaldy we kazyýet ulgamy prezidentiň täsirine geçdi.

Gyrgyzystanda Russiýanyň harby bazasy ýerleşýär we Bişkek karz we maýa goýumlary üçin goňşy Hytaýa göz dikýär.

Hünärmenler Kremliň täze hökümete nähili garaýandygynyň takyk däldigini aýdýarlar. Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin köçe protestlerini we öňki prezident Sooronbaý Jeenbekowyň birden wezipeden çetleşdirilmegini "betbagtlyk" diýip häsiýetlendirdi.

XS
SM
MD
LG