Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň talyban premýeri halka ilkinji ýüzlenmesi bilen çykyş etdi


Molla Muhammet Hasan Ahund
Molla Muhammet Hasan Ahund

Owganystanyň talyban premýer-ministri yslamçy topar üç aý gowrak mundan ozal häkimiýet başyna geçeli bäri ilkinji açyk çykyşyny edip, öz hökümetiniň beýleki ýurtlar bilen gowy gatnaşykda bolmak isleýändigini we ykdysady meseleleri çözjekdigini aýtdy.

"Talybanyň" egindeş esaslandyryjysy Molla Muhammet Hasan Ahund 27-nji noýabrda döwlet telewideniýesinde halka ýetirilen çykyşynda bir topar meselä degip geçdi.

"Biz hiç bir ýurduň içerki işlerine goşulmajakdygymyzy we ähli ýurt bilen gowy ykdysady gatnaşykda bolmak isleýändigimizi ynandyrýarys" diýip, Ahund 30 minutlyk çykyşynda nygtady.

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň 20 ýyllyk söweşden soň ýurtdan çykmagy bilen, “Talyban” awgustyň ortasynda Kabuly ele geçirip, häkimiýet başyna geldi. Emma talyplar öňki hökümeti agdaraly bäri geçen wagt içinde ozalky partizançylyk hereketlerinden hereket edýän düzgün-tertipli dolandyryşa geçmekde kynçylyk çekýär.

Ýurt inflýasiýanyň ýokarlanmagy, işsizlik we ýurt walýutasynyň hümmetiniň gaçmagy netijesinde, ozalam gowşak ykdysadyýeti bilen, uly maliýe krizisine sezewar boldy.

"Biz halkara haýyr-sahawat guramalarynyň hemmesinden halk problemalarynyň çözülmegi üçin kömegini gaýgyrmazlygy we olaryň halys bolan halkymyza kömek etmegini soraýarys" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Talybanyň premýer-ministri, eger-de Birleşen Ştatlar Owganystanyň merkezi bank ätiýaçlyklarynyň 10 milliard dollar çemesi serişdesini goýberse, ýurduň ykdysady kynçylyklarynyň ýeňlejekdigini aýtdy.

Şeýle-de ol owganlylaryň ýurtdaky kynçylyklary üçin talybanny günäkär hasaplamaly däldigini, bu ýagdaýyň ozalky korrumpirlenen hökümetiň işiniň netijesidigini öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG