Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Men muňa nädip çydaryn?" Üç çaganyň hem ýaş enäniň hasratyny çekýänler agyr betbagtçylyga döz geljek bolýarlar


Anar Myrzabekowa Almatyda ýogalan gelniň ejesi. Şymkent, 2021-nji ýylyň 23-nji noýabry.
Anar Myrzabekowa Almatyda ýogalan gelniň ejesi. Şymkent, 2021-nji ýylyň 23-nji noýabry.

Gazagystanyň iň uly şäherleriniň biri Almatyda üç ýaş çagasy bilen dokuzynjy gatyň penjiresinden özüni aşak oklan 28 ýaşly Bahtygül Kadyrbaýewanyň pajygaly ölümi jemgyýeti sarsgyna berdi hem geň galdyrdy. Hossarlary ol maşgalanyň başyna gelen hasraty ýeňip geçmäge synanyşýarlar.

"INDI MENIŇEM ÝAŞASYM GELENOK"

Nursultan Orazow Azatlyk Radiosynyň žurnalisti bilen gürleşende, “maşgalasynda bar zadyň gowy” bolandygyny aýtdy.

“Biz bagtly ýaşadyk, ýöne biziň hemişelik işimiz ýokdy. Aýalym çagalarym bilen öýde oturdy, men bazarda işledim. Hut häzir hiç ýerde işlemeýärin. Waka ýüze çykanda, men öýde däldim, aýalym hiç zat diýmedi. Biz Almatyda alty ýyl ýaşadyk, maşgalamyzda bar zat gowudy. Kireýine jaýda ýaşadyk, girdejimiz azdy. Meniň ýokary bilimim ýok. Jemgyýetçilik kömegi-de bolmady, karantin döwründe kömek soradyk. Aýalym hyzmat merkezine – akimlige gitdi, köp ýere bardy, ýöne kömek bolmady. Indi meniňem ýaşasym gelenok" diýdi.

Bahtygül Kadyrbaýewa hem onuň adamsy Nursultan Orazow. Maşgala arhiwinden alnan surat.
Bahtygül Kadyrbaýewa hem onuň adamsy Nursultan Orazow. Maşgala arhiwinden alnan surat.

— Düýn (22-nji noýabrda – Red.) günortan sagat iki töweregi ýaramaz habar geldi. Şonda çagalaryň biriniň dem alýandygyny aýtdylar. Onuň diri galmagyny Alladan dileg etdim, ýöne diri galmady. Şu güne çenli biz döwletden pul soramadyk, gazanjymyz iýjegimize ýetýärdi. Olaryň arasynda hiç hili maşgala zorlugy bolup bilmez, [oglum] çilim çekmeýär, arag-a däl, hatda piwo hem içmeýär – diýip, gelnini hem üç agtygyny ýitiren Bauyržan Orazow aýdýar.

«BU NÄDIP ÝÜZE ÇYKDY, BU BIZ ÜÇINEM SYR»

Çagalaryň enesi Nuržamal Orazowa betbagtçylykdan bir gün öň agtyklaryna wideo baglanyşyk arkaly jaň edendigini aýdyp, olaryň "oýanýandyklaryny hem gülüşýändiklerini" ýatlaýar. Onuň aýtmagyna görä, ogly we gelni uly söýgi bilen durmuş gurupdylar, "biri-birinden aýry ýaşap bilmezler" diýýär.

— 20-nji noýabr oglum Nursultanyň doglan güni. Men oňa doglan gününi gutlamak üçin jaň etdim, ýöne telefony öçürilen eken. Soň gelnime jaň etdim, ol telefony ogluma berdi. Ony gutladym. Onuň keýpi gowy eken. Ine, näme bolanyny bilemok. Belki, ol keseldir? Men hiç wagt gelnime hatda sesimi-de gataltmadym. Betbagt meniň oglum, näme üçin oňa beýle betbagtlyk indi?! Meniň oglum gelnine barmagyny-da degren däldir. Bu nädip ýüze çykdy, bu biz üçinem syr bolup durýar – diýip, Nuržamal Orazowa aýdýar.

Bauyržan Orazowyň maşgalasy merhumlary jaýlamaga taýynlanýarlar. Türkestan oblastynyň Ulgili obasy, 2021-nji ýylyň 23-nji noýabry.
Bauyržan Orazowyň maşgalasy merhumlary jaýlamaga taýynlanýarlar. Türkestan oblastynyň Ulgili obasy, 2021-nji ýylyň 23-nji noýabry.

Bauyržan Orazow oglunyň hemişelik işiniň ýokdugyny aýdýar, ýöne hiç wagtda zeýrenmändigini-de mälim edýär.

— Ol bir awtoulagy kärendesine alyp, Almatydaky “Altyn Orda” bazarynda kartoşka bilen käşir satdy. Onuň gazanany iýmit üçin ýeterlikdi. Häzirki ýagdaýa garyplyk sebäp bolandyr diýip biljek däl. Oňa oglumyň özi-de düşünip bilmeýär. Gowy ýaşadylar. Gelni gaty galjaňdy. Oba gelenlerinde, çagalaryny irden hem agşamlyk suwa düşürýerdi. Arassaçylygy halaýardy. Men olaryň hiç birini günäkärlemeýärin – diýip gürrüň berýär.

«WAH, MENIŇ PERIŞDELERIM...»

“Wah, meniň perişdelerim! Muňa nädip çydap bilerin?! Munuň bilen nädip ýaşap bilerin?!” diýip, merhum Bahtygülüň ejesi Anar Myrzabekowa aglaýar. Ol aram-aram huşuny ýitirýär. Adamlar onuň gynanjyny paýlaşmaga gelýärler.

— 20-nji noýabrda biz onuň bilen WhatsApp’da habarlaşdyk. Ol gün Nursultanyň doglan güni hem olaryň durmuş guran senesidi. Men olary gutladym. Gyzym meniň wideo ýazgyma jogap bermedi, ýöne bar zadyň gowudygyny ýazdy. Bu nähili agyr... – diýip, gyzyny hem üç agtygyny ýitiren ene gözýaş bilen gürleýär.

Bahtygül dagynyň gelni Žanna Myrzabekowa onuň örän parahat häsiýetiniň bolandygyny aýdýar.

— Onuň göwni açykdy, hiç kimden öýke-kine saklamaýardy. Mekdebi «Алтын белгі» bilen gutardy. Iki ýyl mundan öň medisina uniwersitetini tamamlady – diýip gürrüň berýär.

Almatydaky goňşulary hem olar hakda gowy sözleri aýtdylar.

“Olar bu jaýa golaýda göçüp geldiler. Örän ümsüm hem asuda maşgalady. Diňe çagalar böküp oýnap ylgaýardylar" diýip, goňşularyň biri aýdýar.

“Olardan ses-galmagal çykmaýardy, adaty ýönekeý maşgalady. Meniň adamym olary liftde görüpdir. Gelensoň: "Täze kireýine ýaşaýanlar peýda bolana meňzeýär" diýdi. Olar çagalaryny gowy geýindirýärdiler. Ol adamsy bilen howluda gezelenje çykýardy" diýip, beýleki bir goňşusy gürrüň berýär.

«Bir çagany, üç, ýedi çagany terbiýelemegiň tapawudy ýok, ýagdaý kyn bolmagynda galýar»

Zülfiýa Baýsakowa, Gazagystanyň Krizis merkezleri bileleşiginiň başlygy heläkçilik barada şeýle diýýär:

Belki, maşgalada dawa-jenjel bolandyr. Ony takyklamak indi eýýäm kyn. Ýöne häzirki döwürde Gazagystanda çaganyň nähili terbiýelenýändigine düşünmeli – kireýine jaýda ýaşamak, belki-de, är-aýalyň aýlygy pes bolandyr, gaty kiçi üç çaga ummasyz köp ünsi talap edýär, iýmit, egin-eşik babatynda köp pula zerurlyk döreýär – bu zatlar asla arzan däl.

Bularyň bary jemlenip, belki-de, täsir eden bolsa gerek. Biz aýallar bilen köp işleşýäris, şondan bir zada düşünýäris: bir çagany, üç, ýedi çagany terbiýelemegiň tapawudy ýok, ýagdaý kyn bolmagynda galýar. Şol sebäpden, biz prezidente-de, mejlise-de çykyp, Gazagystanda her bir çaga üçin ýeke-täk kömek puluny bermek teklibini öňe sürdük. Bizde kän adam ýok, diňe 6,5 million kämillik ýaşyna ýetmedikler bar.

Meniň pikirimçe, öz ykdysady ösüşi barada aýdýan, bäsdeşlige ukyply ilkinji otuzyň hataryna girmäge synanyşýan döwlet şoňa laýyk gelýän goldawy berip biler.

Men munuň ykdysady taýdan kyndygyna düşünýärin. Biz haýsydyr bir býurokratik päsgelçilikleri döredýäris, şol bir korrupsiýany ösdürýäris. Aýallar bolsa hyýaly ýagdaýda ýok abadançylygy döretmäge we olardan sosial kömek soramaga mejbur bolýarlar. Bu kemsitmegiň bir görnüşi. Näme üçin biz bu zatlardan ýüz öwürmeýäris, diňe çaga terbiýeleýän her bir enä ýa-da ata, sebitde ýaşaýan ýerinde çaga üçin deň mukdarda pul töläp bilemizok?

Betbagtlygyň ýüze çykan ýerinde goýlan oýunjak aýyjyklar hem şem. Alamaty, 2021-nji ýylyň 23-nji noýabry.
Betbagtlygyň ýüze çykan ýerinde goýlan oýunjak aýyjyklar hem şem. Alamaty, 2021-nji ýylyň 23-nji noýabry.

Almaty şäher akimligi Orazowlar maşgalasynyň Türkestan sebitinde hasaba alnandygyny hem-de özlerine ýeňillikler üçin ýüz tutulmandygyny habar berdi.

Almaty şäheriniň Žetysu kiçi etrapçasynda, 23-nji noýabrda Bahtygül Kadyrbaýewanyň ýaşaýyş jaýynyň dokuzynjy gatyndaky penjireden, üç ýaş çagasyny hem özüni aşak zyňandygy güman edilýär. Onuň özi hem iki çagasy şol ýerde jan beripdir, üçünji çaga Tiz kömek maşynynyň içinde ýogalypdyr. Almaty şäher polisiýa bölümi "Öz janyna kast etmek" maddasy boýunça jenaýat işiniň başlandygy barada habar berdi.

Merhumyň hossarlary bolup geçen waka üçin, hiç kimi günäkärlemeýärler hem-de internetde ýaýran pikirlere teswir bermeýärler. Olar derňewiň netijelerine garaşýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG