Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Resmiler Omikron baradaky maglumatlaryň iki hepdeden belli boljakdygyny aýdýarlar


ABŞ hökümetiniň ýokanç keseller boýunça baş eksperti doktor Antoni Fauçi
ABŞ hökümetiniň ýokanç keseller boýunça baş eksperti doktor Antoni Fauçi

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 29-njy noýabrda koronawirusyň täze görnüşi – Omikron boýunça we Birleşen Ştatlaryň munuň bilen baglylykdaky çäreleri barada jemgyýetçiligiň öňünde çykyş eder diýip, Ak Tam mälim etdi.

Bu aralykda, Ýewropanyň ençeme döwletinde koronawirusyň adamdan-adama has aňsatlyk bilen ýokuşýan täze ştamy ýüze çykaryldy. Wirusyň bu görnüşi ilki günorta Afrikada tapylypdy.

Wirusyň täze görnüşiniň has ýokançlydygy, şeýle-de häzirki bar bolan waksinalaryň oňa garşy netijeliligi boýunça aladalar artýar, emma munuň bilen bagly köp ýagdaýlar heniz hem aýdyň däl.

Günorta Afrikanyň saglyk resmileri Omikrona ýoluganlaryň agyr hassalyga uçramandygyny aýtdylar. Şol bir wagtda, wirusa ýokuşanlaryň köpüsi ýaş adamlar bolup, olaryň agyr kesellemek mümkinçilikleriniň azdygy çaklanylýar.

ABŞ hökümetiniň ýokanç keseller boýunça baş eksperti doktor Antoni Fauçi Omikron baradaky maglumatlaryň ýene iki hepdeden elýeterli boljakdygyny çaklady. Ol häzirki waksinalaryň “COVID-yň agyr ýagdaýlary boýunça belli bir derejede goragy üpjün etjekdigine” ynanýandygyny hem belledi.

XS
SM
MD
LG