Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-nyň daşary işler ministrleri Latwiýada duşuşýarlar


NATO agza döwletleriň baýdaklary
NATO agza döwletleriň baýdaklary

NATO agza döwletleriniň daşary işler ministrleri, şol sanda ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 30-njy noýabrda Latwiýada duşuşyp, Russiýanyň Ukrainanyň serhediniň golaýynda harbylarynyň sanyny artdyryp başlamagyny we ýaranlygyň gündogar sebitlerinde Moskwa we onuň ýarany Belarus tarapyndan möwç berilýän migrant krizisini maslahat ederler.

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg barha köp rus esgerleriniň Ukrainanyň serhediniň golaýynda ýerleşdirilmegi boýunça ençeme gezek alada bildirdi, şeýle-de Russiýanyň Ukraina garşy güýç ulanmagy saýlap alsa, munuň “netijeleriniň” boljakdygyny duýdurdy. Ol AFP beren interwýusynda Russiýanyň meýilleriniň aýdyň däldigini hem belledi.

Latwiýanyň paýtagty Rigada geçiriljek maslahatyň gün tertibinde Ukrainanyň harbylaryna has köp hemaýaty bermek we ýaranlygyň gündogar serhetlerindäki güýçlerini pugtalandyrmak meseleleri hem bar.

NATO agza bolmak ugrunda tagalla edýän Ukraina, iki günlük sammite daşary işler ministri Dmytro Kulebany ýollaýar.

Kuleba 29-njy noýabrda çykyş edip, ýagdaýlaryň “juda çynlakaýdygyny” aýtdy, şeýle-de “Russiýany saklamak boýunça “soňra däl-de, häzir herekete geçmelidigini” belledi.

Ol Russiýanyň Ukrainanyň serhediniň golaýynda, okupasiýa edilen Krymda we Ukrainanyň gündogaryndaky Luhansk we Donetsk separatist sebitlerinde 115 müň esgeri we agyr ýaraglary toplandygyny belledi.

Ministrleriň Russiýa hüjüme geçse, oňa garşy durmak çärelerini maslahat etmeklerine garaşylýar.

Ýaranlyk eger-de Kreml Ukraina howp abandyrsa, onda onuň agyr netijeler bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny äşgär etmegi göz öňünde tutýarlar. Şol bir wagtda, ol Moskwany goşmaça agressiýa öjükdirmekden saklanýar.

2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp alan we Ukrainanyň gündogarynda separatistleri goldaýan Russiýa hüjüme geçmek boýunça taýýarlyk görýändigini ret edýär we NATO-ny dartgynlyklary ýitileşdirmekde aýyplaýar.

Blinken maslahatyň dowamynda transatlantik gatnaşyklarynyň ygtybarlygyny, NATO-nyň transatlantik jemgyýetiniň goragyny üpjün etmekdäki üstünliklerini we prezident Jo Baýdeniň administrasiýasynyň ýaranlyk we öz ýaranlary babatyndaky ygrarlygyny nygtap geçer diýip, 29-njy noýabrda Döwlet departamenti belledi.

Beýanatda ABŞ-nyň NATO ylalaşygynyň 5-nji maddasynda kesgitlenen kollektiwleýin goranmak doktrinasyna ygrarlydygy bellenilýär, şeýle-de ýaranlygyň howpsuzlyk wehimleriniň giň geriminiň öňüni alýandygy nygtalýar.

Rigadaky duşuşygyň dowamynda NATO agza döwletler Polşanyň, Litwanyň we Latwiýanyň serhetlerindäki migrant krizisiniň hem maslahat edilmegine garaşylýar.

Ýewropa Bileleşigi Belarusy, Minske garşy girizilen sanksiýalara jogap hökmünde, esasan ýakyn gündogarly müňlerçe migranty Polşanyň, Litwanyň we Latwiýanyň serhetlerine iteklemekde aýyplaýar. Diýdimzor Aleskandr Lukaşenka bu aýyplamalary ret edýär.

NATO özüniň gündogar agzalaryna “raýdaşlyk” bildirdi. 28-nji noýabrda Stoltenberg we ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýen migrant krizisi bilen baglylykda hyzmatdaşlygy artdyrmagy wada berdiler.

XS
SM
MD
LG