Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus we Russiýa bilelikde harby türgenleşik geçirjekdiklerini aýdýarlar


Aleksandr Lukaşenka (arhiw suraty)
Aleksandr Lukaşenka (arhiw suraty)

Belarus özüniň günorta serhetlerinde Russiýa bilen bilelikdäki harby türgenleşikleriň geçiriljekdigini mälim etdi. Bu NATO-nyň rus goşunynyň Ukrainanyň serhediniň golaýyna çekilip başlamagyny maslahat etmek üçin duşuşygy geçirýän döwrüne gabat geldi.

Belarusyň goranmak ministri Wiktror Khreniniň 29-njy noýabrda aýtmagyna görä, türgenleşikler ýurduň Ukraina bilen serhediniň golaýynda geçiriler.

Ol türgenleşikleriň geçiriljek senesini äşgär etmedi, emma munuň Belarusyň günbatar we günorta sebitlerinde hamala harbylaryň sanynyň artdyrylmagyna jogap hökmünde gurnalýandygyny belledi.

NATO 2017-nji ýyldan bäri Polşany we baltik döwletleri Litwany, Latwiýany we Estoniýany goramak üçin dört sany halkara harby birikmelerini ýerleşdirdi.

XS
SM
MD
LG