Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew NATO-ny Moskwa garşy 'öňüni alyş paketini' taýýarlamaga çagyrýar


Dmytro Kuleba. Arhiw suraty
Dmytro Kuleba. Arhiw suraty

Ukraina NATO-ny Kiýew bilen harby hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de, goňşusyna hüjüm etmezligi üçin, Orsýete garşy sanksiýalary we beýleki çäreleri taýýarlamaga çagyrjakdygyny aýdýar. Bu sözler Günbatar harby bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň, rus güýçleriniň ukrain serhediniň alkymyna toplanmagy bilen bagly aladalaryň arasynda, Latwiýada geçirýän duşuşygynyň ikinji gününe gabat aýdyldy.

"Eger-de tagallalary birleşdirsek we utgaşykly hereket etsek, biz prezident Putini saklap biljekdigimize we ony iň erbet çäre bolan harby operasiýany saýlap almak pikirinden daşlaşdyrjakdygymyza ynanýarys" diýip, Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba 1-nji dekabrda, NATO kärdeşleri bilen gepleşik geçirmek üçin Latwiýanyň paýtagty Riga geleninde žurnalistlere aýtdy.

Daniýanyň daşary işler ministri Jeppe Kofod Ukrainanyň özygtyýarlylygyny bozjak islendik harby operasiýanyň "berk gaýtawullar" bilen garşy alynjakdygyny we öz ýurdunyň "agyr" sanksiýalary girizmäge taýýardygyny aýtdy.

Kofodyň sözleri duşuşygyň birinji gününde ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken we goranmak ýaranlygynyň beýleki 30 ýurdunyň daşary işler ministrleri tarapyndan berlen berk duýduryşlaryň gaýtalanmagy boldy. Olar Russiýanyň Ukraina garşy eden islendik täze harby göçümi üçin agyr töleg tölejekdigini duýdurdylar, Moskwa bolsa Günbatar harby bileleşigine özüniň "gyzyl çyzyklaryndan" geçmeli däldigini duýdurdy.

NATO-nyň agzasy bolmak isleýän we bu niýeti üçin Moskwanyň berk garşylygyna duçar bolan Ukraina, şu ýylyň başynda günbatar Orsýetde uly uruş oýunlaryny geçiren Moskwanyň umumy serhetde onlarça müň esger we agyr harby tehnika jemlemeginiň çozmak niýeti bilen bagly bolmak ähtimallygyndan howatyr edýär.

2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym sebitini ele geçiren we soňky ýedi ýylda 13200-den gowrak adamyň ölmegine sebäp bolan konfliktde Kiýewiň garşysyna söweşýän separatistleri goldaýan Orsýet bu ýurda hüjüm etmek niýetiniň bardygyny inkär edip, muňa derek Kiýewi we onuň günbatar tarapdarlaryny dartgynlygy güýçlendirmekde günäkärleýär.

Kuleba şu hepdäniň başynda Russiýanyň öz ýurdunyň serhedine, Krymyň basyp alnan ýerlerine we Ukrainanyň gündogaryndaky Luhansk we Donetsk sebitleriniň bir bölegine, Moskwa tarapyndan goldanýan separatistler tarapyndan basylyp alnan topraklara 115,000 esger we agyr harby tehnikalary toplandygyny aýtdy.

Habar berilmegine görä, Russiýanyň häzirki goşun jemlemesi Moskwanyň ýazda ukrain serhedinde toplan 100 000 töweregi esgeri bilen bagly ýagdaýa meňzeş. Ýöne Kreml öňki gezek birazdan ol goşunlary yza çekýändigini aýdypdy.

Russiýa 1-nji dekabrda Ukrainany ýurduň gündogarynda “özüniň harby kuwwatyny artdyrmakda” aýyplap, Ukraina bilen serhetleşýän günorta harby etrabynda geçirýän gyş türgenleşiklerine başlandygyny aýtdy.

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa, käbir habarlara görä, çaknyşyk zonasyndaky goşun sanynyň eýýäm 125,000 adama ýetendigini öňe sürdi we munuň "tutuş ukrain goşunynyň ýarysyna" barabardygyny aýtdy.

Ukrain resmileri Zaharowanyň aýyplamalary barada bada-bat düşündiriş bermediler.

Şu aralykda, Russiýanyň Goranmak ministrligi öz gyşky türgenleşikleriniň 30-dan gowrak türgenleşik meýdançasynda 10 000 esgeri öz içine aljakdygyny, bu hili maşklaryň Krymda we Orsýetiň gündogar Ukraina bilen serhetleşýän ýerlerinde, separatistleriň gözegçiligindäki sebitleriň golaýynda hem geçiriljekdigini aýtdy.

Prezident Wladimir Putin bir gün ozal, eger-de NATO ýurtlary öz "gyzyl çyzyklaryndan" geçse, Russiýanyň hereket etjekdigini duýdurdy we Moskwanyň, başlangyç hökmünde, ukrain topragyna ýetjek belli bir hüjüm raketalaryny degişli ýerlerde ýerleşdirmek mümkinçiliklerine seretjekdigini aýtdy.

Moskwa bilen Kiýewiň we onuň günbatar tarapdarlarynyň arasyndaky dartgynlylygyň güýçlenmegi bilen, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmisi Blinkeniň 2-nji dekabrda Stokgolmda, ÝHHG sammitiniň çäginde rus we ukrain kärdeşleri bilen aýratyn duşuşyk geçirjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG