Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Omikron babatdaky howsala çäklendirmeleri güýçlendirýär


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Koronawirusyň “omikron” görnüşiniň ýaýramagy ýurtlary petige getirdi, olar çäklendirmeleri güýçlendirip, onuň pandemiýanyň soňuna çykmak babatda gazanylan öňegidişlige nähili täsir etjekdigini görkezýän alamatlara sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Birleşen Ştatlarda täze wariantyň ilkinji bilinýän hadysasy barada 1-nji dekabrda habar berildi.

Bu habar Ak tamyň jemgyýetçilik ulaglaryndaky syýahatçylar babatdaky maska mandatyny mart aýyna çenli uzaltmaga taýynlanmagyna sebäp boldy.

Şeýle-de, Ak tam beýleki ýurtlardan gelýän myhmanlar üçin has berk synag düzgünlerini yglan etmegi meýilleşdirýär.

Täze wariant ilkinji gezek geçen aý Günorta Afrikada ýüze çykaryldy we azyndan ýigrimiden köpräk ýurda ýaýrady.

Saglyk hünärmenleri “omikronyň” örän ýokançdygyny aýdýarlar, ýöne olar bu wirusyň adamlary has hassa etjegini ýa-da onuň sanjymlardan has ökde çykjagyny anyk aýdyp bilmeýärler.

XS
SM
MD
LG