Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň mejlisi amnistiýa baradaky kanuny tassyklady


Gazak türmesinden saglyk ýagdaýy zerarly boşadylan dissident şahyr Aron Atabegi soňky ýoluna ugradýan adamlar. Almaty, 26-njy noýabr, 2021.

Gazagystanyň mejlisiniň ýokarky palatasy 2-nji dekabrda, Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli, amnistiýa baradaky kanun taslamasyny tassyklady diýip, Azatlygyň Gazak gullugy habar berýär.

Bu kanun taslamasy gazak türmesinden saglyk ýagdaýy zerarly boşadylan dissident şahyr Aron Atabegiň ardan çykmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Gazagystanyň Içeri işler ministri Erlan Turgumbaýew senatda bu kanun güýje girenden soň kiçi we orta agyrlykda jenaýat eden müňe golaý tussagyň türmeden boşadyljakdygyny aýtdy.

Ministr ozal bu amnistiýa esasynda 2323 tussagyň günäsiniň geçiljekdigini, gözegçilik astyndaky 11310 adamyň boşadyljakdygyny, işi kazyýete ýetmedik 5000 töweregi jenaýat işiniň ýapyljakdygyny, 1674 adamyň jenaýat jogapkärçiliginden boşadyljakdygyny, 1471 adam babatynda jezany azaltmak ýa-da boşatmak çärleriniň görüljekdigini aýdypdy.

Resmi maglumatlara görä, Gazagystanda 34 müň adam jenaýat-düzediş ulgamynyň 64 edarasynda we 16 sany deslapky tussaghanada saklanýar. Olardan 30 müň adama höküm çykaryldy, galanlary tussag edildi we derňew astynda saklanýar.

Içeri işler ministrliginiň statistikasyna görä, bu adamlaryň 93 göterimi agyr we aýratyn agyr jenaýat edipdir, olaryň takmynan 45 göterimi ozal hem jogapkärçilige çekilen raýatlar bolup durýar.

Amnistiýa hakyndaky kanun taslamasy Gazagystanyň prezidenti Kassym-Žomart Tokaýewe gol çekmek üçin iberildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG