Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talyban" aýal-gyzlaryň hukuklary barada karar çykardy, bilim, iş hakda dymýar


Kabuldaky protestçiler.
Kabuldaky protestçiler.

Owganystanyň "talyban" hökümdarlary şerigat kanunlarynda öňden kesgitlenen aýal-gyz hukuklarynyň ýerine ýetirilmegini talap edýän karar çykardylar, emma adam hukuklary toparlarynyň we Günbatar hökümetleriniň alada bildirýän esasy ugurlary, bilim we iş hukuklary barada hiç zat aýtmadylar.

3-nji dekabrda çykarylan karar owgan jemgyýetiniň ýolbaşçylaryny "aýal-gyzlaryň hukuklaryny goramak üçin çynlakaý çäre görmäge" çagyrýar.

Soňra ol kararda esasy üns nika we dul galan aýallaryň hukuklaryna gönükdirilýär we "hiç kim zorluk ýa-da basyş bilen aýallary durmuşa çykmaga mejbur edip bilmez" diýilýär. Emma muňa garamazdan, kararda kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryň nikasy barada hiç zat aýdylmaýar.

Şeýle-de, bu kararda gyzlaryň togtadylan orta bilimi ýa-da, talyban awgust aýynda häkimiýeti eýeländen soň jemgyýetçilik işlerine gaýdyp barmakdan mahrum bolan aýallaryň iş hukuklary barada hiç zat aýdylmaýar.

Talyban häkimiýeti ele geçirenden soň, Günbatar hökümetleri, BMG we adam hukuklary toparlary adam hukuklarynyň bozulmagy barada çuňňur alada bildirdiler we söweşijilerden öz içine alyjy hökümet gurmagy, ähli owganlynyň, şol sanda azlyklaryň we aýallaryň hukuklaryny goramagy talap etdiler.

"Talyban" 1996-njy ýyldan 2001-nji ýylyň ahyryna çenli häkimiýet başynda bolanda aýal-gyzlaryň hukuklary üzül-kesil çäklendirildi, ýöne söweşijiler durşuna erkeklerden düzülen talyban hökümeti aýal-gyzlaryň hukuklaryny gaýtadan yza çeken hem bolsa, şzleriniň häzirki döwürde has aram bolandyklaryny öňe sürýärler.

Aýal-gyzlaryň aglaba köplügine işlemek gadagan edildi, köp gyz we aýal bilim almak hukugyndan mahrum edildi we, azyk ýetmezçiligi we ykdysadyýetiň çökmegi netijesinde, garyplygyň ýokarlanmagy bilen¸ esasy global donorlar gumanitar betbagtçylygyň gyrasynda duran Owganystana berilýän kömegi dikeltmäge mejbur boldy.

BMG-niň Ynsanperwerlik meselelerini utgaşdyrýan gullugynyň 2-nji dekabrda çap eden hasabatynda Owganystandaky 24 milliondan gowrak adamyň, ýurduň ilatynyň 65 göteriminiň geljek ýyl halas ediş kömegine mätäç boljakdygyny duýdurdy. Mundan başga, ýurtdaky 9 million adamyň açlyk wehimi astyna düşmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG