Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşenbe polisiýasy iň gowy ştatdan daşary habarçy üçin bäsleşik yglan etdi


Täjik ofiserleri
Täjik ofiserleri

Täjigistanyň paýtagty Duşenbede polisiýa iň gowy maglumatçy üçin bäsleşik geçirýär. Bäsleşikde ýeňenlere pul baýraklary we gizlinlik kepilligi wada berilýär diýip, Azatlyk radiosynyň Täjik gullugy habar berýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin şäherde görlen islendik düzgün bozmany ýa-da jenaýaty wideo ýazgy etmeli ýa-da surata düşürip, soň ol maglumatlary Içeri işler ministrliginiň degişli bölümine ibermeli. Baýrak berlende ilkinji nobatda agyr we aýratyn agyr jenaýatlary dokumentleşdiren habarçylar nazarda tutular.

Iberilen habarlaryň möçberi hem nazarda tutular diýip, Ozodi radiosy belleýär. Mysal üçin, bäsleşige gatnaşýanlar çatrykda birnäçe sagatlap durup, telefonda şäherlileriň ýoly kesmesiz ýerinden kesip, köçeden nädogry geçişlerini surata düşürip bilerler.

Bäsleşige gatnaşyp ýeňiji bolanlara, birinji ýer üçin takmynan 440 ABŞ dollary, ikinji ýer üçin 265, üçünji ýer üçin 176 dollar baýrak berler.

Täjigistanyň zähmet ministrliginiň maglumatyna görä, ýylyň başynda şäherdäki ortaça aýlyk 195 dollar töweregi boldy.

XS
SM
MD
LG