Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus Sofiýa Sapega ýigrenç öjükdirmekde günä bildirýär


Sofiýa Sapega
Sofiýa Sapega

Belarus prokurorlary rus raýaty Sofiýa Sapega günä bildirýärler. Diýdimzor dolandyryjy Aleksandr Lukaşenka ýurduň howa giňişliginden geçip barýan bir raýat uçarynyň ugrunyň üýtgedilmegini buýruk berenden soňra, Sapega söýgülisi, oppozisiýa bloggeri Raman Pratasewiç bilen bilelikde tussag edilipdi.

Sapega ýurtda demokratiýa tarapdar herekete, raýat jemgyýetine we garaşsyz media garşy basyp ýatyrmalara gatnaşan howpsuzlyk güýçleriniň şahsy maglumatlaryny çap edýän Telegram kanalyny dolandyrany üçin “ýigrenji öjükdirmekde” günä bildirilýär diýip, BBC-niň rus gullugy 5-nji dekabrda habar berdi.

Sapeganyň alty ýyla çenli möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edilmegi mümkin.

Belarus öz howa giňişliginde bir “Ryanair” gatnawyny harby uçar ulanyp, Minske gondurdy. Ömrüniň köp bölegini Belarusda ýaşan rus raýaty Sapega we belarusly Pratesewiç bu uçardan alnyp, 23-nji maýda tussag edildi.

Uçaryň ugrunyň üýtgedilmegini köp ýurt “döwlet ogurlygy” hasaplady. Uçar gonandan soňra, kanun goraýjylar iki ýolagçyny dessine tussag etdi. Olar Afinadan Litwanyň paýtagty Wilniýusa uçup barýardy. Soňra olar öý tussaglygyna geçirildi.

XS
SM
MD
LG