Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Raýat toparlary Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça beýanat çap etdi


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Raýat toparlary ÝHHG ýurtlaryny Türkmenistan boýunça adam ölçegleri mehanizmlerine gatnaşmaga çagyrdy.

50-den gowrak hökümete degişli bolmadyk gurama Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlary Türkmenistan bilen bagly adam ölçegleri boýunça ÝHHG mehanizmlerini ulanmaga çagyrdy. Bu barada Raýat raýdaşlygy platformasy beýanat çap etdi.

ÝHHG ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Stokgolmda geçirilen ýygnagynyň öňýany, 1-nji dekabrda Raýat raýdaşlygy platformasynyň guramaçylygynda geçirilen duşuşykda hökümete degişli bolmadyk guramalar Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna alada bildirdi.

Beýanat “Olary diri görkeziň!” kampaniýasynyň 2002-nji ýylda bäri Türkmenistanyň türmelerinde 162 adamyň zor bilen ýitirim etmäniň pidasy hökmünde hasaba alandygyny aýdýar.

Hökümete degişli bolmadyk guramalar Türkmenistandaky köpçülikleýin repressiýa bilen bagly ÝHHG mehanizmleriniň, has takygy ÝHHG-niň Wena we Moskwa mehanizmleriniň ulanylmagyna çagyrýar.

XS
SM
MD
LG