Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstraliýa Pekindäki gyşky Olimpiýa oýunlarynyň diplomatik boýkotyna goşulýar


Skot Morrison
Skot Morrison

Premýer-ministr Skot Morrison Awstraliýanyň Pekinde 2022-nji ýylda geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlaryny diplomatik boýkot etmek meselsinde ABŞ-a goşuljakdygyny aýdýar.

Morrison 8-nji dekabrda žurnalistlere hytaý hökümetiniň Awstraliýa bilen gatnaşyklary dartgynlaşdyrýan birnäçe meseläni, şol sanda Sinjiýaň sebitinde adam hukuklarynyň basgylanmagy meselesini çözmändigini aýtdy.

"Şu sebäpden Awstraliýanyň hökümet resmileriniň bu oýunlar üçin Hytaýa gitmezligi geň däldir. Awstraliýaly türgenler hem şeýle eder” diýip, Morrison aýtdy.

Bu beýanat ABŞ gürrüňi edilýän oýunlara resmi delegasiýa ibermejekdigini aýdanyndan bir gün soň edildi.

Ak tamyň metbugat sekretary Jen Psaki Hytaýyň 4-nji fewralda başlanýan Olimpiýa oýunlaryna diplomatik ýa-da resmi wekilçilik ibermezlik baradaky karara Hytaýyň "Sinjiaňda dowam etdirýän genosidi we adamzada garşy jenaýatlary, adam hukuklarynyň beýleki basgylanmalary" sebäpli gelnendigini aýtdy.

"Adam hukuklarynyň elhenç bozulmalaryna we Sinjiaňdaky wagşyçylyklara garamazdan, adaty bir iş ýaly, biz bu oýunlara wekil ibermegi başarmarys” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Psaki ABŞ-nyň Olimpiýa ýygyndysynyň administrasiýany “doly goldaýandygyny” we diplomatik boýkotyň olara täsir ýetimejekdigini belledi.

XS
SM
MD
LG