Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa Haşogginiň öldürilmegine dahylly diýlip saklanan adamy tussaglykdan boşatdy 


Jamal Haşoggi
Jamal Haşoggi

Fransuz häkimiýetleri üç ýyl ozal Stambulda žurnalist Jamal Haşogginiň öldürilmegine dahyllylykda güman edilýän saudly hökmünde saklanan adamy tussaglykdan boşatdy.

Fransuz metbugatynyň kazyýet we aeroport çeşmelerine salgylanyp ýazmagyna görä, Haled al-Otaibi 7-nji dekabrda, Parižiň Çarlz-de-Goll howa menzilindäki serhet polisiýasy tarapyndan tussag edildi.

33 ýaşly Otaibi žurnalistiň öldürilmegi bilen baglylykda Türkiýe tarapyndan gözlenýän 26 saudlynyň biri bolup durýar. Saud Arabystanynyň Pariž şäherindäki ilçihanasy "tussag edilen adamyň Haşoggi meselesi bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny" we şonuň üçin derrew boşadylmalydygyny öňe sürdi.

ABŞ-da bosgunlykda ýaşaýan we “Waşington Post” gazeti bilen hyzmatdaşlyk edýän Haşoggi Riýaddaky hökümetiň tanymal tankytçysydy we türkiýeli söýgülisine öýlenmek üçin gerek bolan resminamalary almak maksady bilen 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Saud Arabystanynyň Stambuldaky konsullygyna girdi we ol ýerden yzyna çykmady.

Türk resmileriniň habar bermegine görä, Saud Arabystanynyň konsullugyň içinde garaşyp oturan adamlary žurnalisti bogup öldürdi we onuň jesedi hiç ýerden tapylmady.

Bu ganhorluk halkara derejesinde gahar-gazap döretdi we Saud Arabystanynyň de-fakto hökümdary, şazada Muhammet bin Salmanyň at-abraýyna zeper ýetirdi.

Saud Arabystanyň resmileri žurnalistiň ölüminiň "kezzapçylykly operasiýanyň" netijesi bolandygyny we oňa döwlet tarapyndan sanksiýa berilmeýändigini aýtdy. Emma türk resmileri agentleriň Saud Arabystanynyň hökümetiniň ýokary derejeli wekilleriniň buýruklary boýunça hereket edendigini aýtdy.

Saud Arabystanynyň kazyýeti 2019-njy ýylda adam öldürmekde günäkärlenen sekiz adama garşy jeza hökümlerini çykardy. Türk kazyýeti bolsa 2020-nji ýylda bu ölümde güman edilýän 20 saudlyny gaýybana sud edip başlady. Soňra bularyň üstüne ýene alty şübheli goşuldy.

Pariž prokuraturasynyň aýtmagyna görä, şahsyýet barlagy bu adamyň Türkiýe tarapyndan gözlenýän şahsyýet däldigi barada netijä geldi.

XS
SM
MD
LG