Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden ýurt içinde we daşynda demokratiýa ynam dikeltmegi maksat edinýän sammite beýemçilik edýär


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 9-njy dekabrda wirtual sammit geçirýär. Sammitde dürli demokratik dolandyryş modellerine wekilçilik edýän 110 lideriň demokratiýa ugrunda täze borçnamalary kabul etmegine garaşylýar.

Bütin dünýäde awtoritarçylygyň örňeýändigine garamazdan, demokratiýanyň heniz hem netijelidigini aýgytlylyk bilen dünýä görkezmek isleýän Baýden, Demokratiýa sammitiniň açylyşynda Ak tamdan söz sözlär.

Baýden demokratiýany we adam hukuklaryny ýurduň daşary syýasatynyň özenine ýerleşdirmekde ABŞ ygrarlylygyny berkitmek maksady bilen öz administrasiýasynyň irki günlerinde sammit geçirmegi wada berdi diýip, administrasiýanyň beýanaty aýtdy.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli wideo aragatnaşyk arkaly geçirilýän iki günlük çäre, demokratiýa bilen awtokratiýanyň, ýa-da diktatorçylygyň arasynda barýan barlyk göreşiniň arasynda ABŞ liderliginiň nusgasy hökmünde kabul edilýär.

Sammite gatnaşyjylaryň sanawy käbir jedelleri döretdi. Baýdeniň öňdebaryjy awtokratiýalar hökmünde garaýan ýurtlary bolan Hytaý we Russiýa sammite çagyrylmady. Olar bu ýagdaýyň ideologiki tapawutlary öjükdirendigini aýtdylar.

NATO agzasy bolan Türkiýäniň we Wengriýanyň liderleri hem sammite çagyrylmady; Pakistanyň, Filippinleriň we Braziliýanyň liderlerine bolsa çakylyk iberildi.

XS
SM
MD
LG