Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Woronežde okuwlaryny tamamlan türkmenistanlylar bikanun ýagdaýa düşýär


Türkmen pasporty
Türkmen pasporty

Woronežde okuwlaryny tamamlan türkmenistanly studentleriň 20-den gowragy bikanun bosgunlaryň ýagdaýyna düşdi we Türkmenistanyň Orsýetdäki ilçihanasyndan hiç bir kömek alyp bilmedi.

"Turkmen.news" neşiriniň Moskwadaky Türkmen medeniýeti jemgyýetiniň başlygy Gülnabat Tekäýewa salgylanyp ýazmagyna görä, pasportlarynyň möhletleri dolan uçurymlar iki awtoulagly Woronežden Moskwa gelip, Türkmenistanyň ilçihanasynyň konsullyk bölüminden kömek soramaga synanyşypdyr.

Emma studentleriň soňkuja serişdelerini harçlap, benzin üçin ýygnan pullary-da, geçen ýollary-da biderek bolupdyr, olary ne bina goýberen, ne-de diňlän bolupdyr. Netijede, uçurymlar yzlaryna, Woroneže gaýdyp gelýärkäler polisiýa tarapyndan saklandy diýip, habarda aýdylýar.

Pasportlarynyň möhleti geçensoň, polisiýa türkmen raýatlaryny goýbermek islemedi we, türkmen diplomatlarynyň uçurymlaryň raýatlygyny tassyklamagy üçin, konsullyga jaň etdi. Konsullykdan olara "Russiýa Federasiýasynyň kanunlaryna laýyklykda çäre görüň, biziň muňa dahylymyz ýok" diýip jogap berdiler.

Habarda saklanan türkmen studentleriniň, jemi 21 raýatyň atlary hem getirilýär.

XS
SM
MD
LG