Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus goşunlary ukrain serhedinde: G7 Normand formatynyň täzeden başlanmagyna çagyrýar


Ukraina bilen aradaky serhet ýakasynda toplanan rus goşunlary babatdaky meseläni çözmek üçin taraplar gepleşiklere dolanmaly. Bu pikiri Liwerpulda geçirilen G7 sammitinde Germaniýanyň daşary işler ministri Annalena Berbok aýtdy.

Onuň sözlerine görä, emele gelen ýagdaý "normand formatynyň" çäginde, syýasy taýdan utgaşdyrylmaly.

Berbok mundan öň ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň başlygy Entoni Blinken bilen duşuşdy. Olar Ukraina babatdaky rus agressiýasyny ýazgardylar.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Donbassdaky konflikti "normand formatynda" çözmek baradaky gepleşikleriň täzeden başlanmagyny goldap çykyş etdi.

Birleşen Ştatlar we Günbatar ýurtlary Russiýanyň Ukraina hüjüme taýýarlanýan bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar we şu sebäpden hem ýüz müňe golaý esger Ukraina bilen serhet ýakasynda jemlendi diýip pikir edýärler.

Moskwa çozuş we harby operasiýa taýýarlyk baradaky çaklamalary ret etdi. Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň sözlerine görä, Kiýewiň NATO-a gaty ýakynlaşmagyndan howatyrlanyp, Moskwa goranyş pozisiýasynda durýar.

“Normand formatyndaky” gepleşikler Germaniýanyň, Russiýanyň, Ukrainanyň we Fransiýanyň ýolbaşçylaryny öz içine alýan “normand dörtlüginiň” gatnaşmagynda geçirilýär. Olar Donbasdaky konflikti çözmek üçin syýasy karara gelmegiň üstünde işleýärler.

XS
SM
MD
LG