Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Warşawada serhetdäki migrantlary goldamak boýunça çäre geçirildi


11-nji dekabrda, altynjy gün Warşawada "Hiç kim bikanun bolup bilmez" diýen at bilen çäre geçirildi. Azatlyk radiosynyň Rus gullugynyň habarçysynyň beren maglumatyna görä, polýak-belarus serhedinde ýerleşýän migrantlary goldamak üçin ýarym müňe golaý adam köçelere çykdy.

Aktiwistler "Adam adama adam", "Çagalaryň orny tokaý däl", "Serhedi açyň!" diýen şygarlary galdyrdylar.

Adamlar ýylylygy özüne çekýän altyn we kümüş reňkli ýorgan-düşekleri hem alyp geldiler. Tokaýda aýazly howada gijäni geçirýän migrantlar şu hili ýorganlary ýapynýarlar.

Hodožnikler Warşawanyň merkezinde Fridrik Çopin ýa-da Adam Mikiewiç ýaly meşhur polýaklaryň şeýle ýorganlara dolanan portretlerini asyp, "Olar hem bosgun bolupdy" diýip ýazdylar.

Koronawirus çäklendirmeleri sebäpli, guramaçylar ýygnananlary üç sany aýry-aýry topara böldüler. Olar, polisiýa işgärleriniň ugratmagynda, Içeri işler ministrliginiň, Polşanyň dolandyryş edarasynyň we parlamentiň aşaky palatasynyň binalarynyň arasynda ýöriş etdiler.

Guramaçylar isleg bildiren adamlaryň ählisine çaý hödürlediler, aktiwistlere we adamlara iberip boljak otkrytkalary paýladylar.

Çäräni guraýjylar migrantlara kömek edýän lukmanlara minnetdarlyk bildirdiler. Şeýle-de, olar soňky pajygaly wakalar barada gürrüň berdiler. Mysal üçin, 8-nji dekabrda ýerli polisiýa serhetde nigeriýaly bir migrantyň jesediniň tapylandygyny habar berdi.

Aktiwistler Yrakdan gelen migrantlaryň dört ýaşly gyzyny hem ýatladylar. Onuň ene-atasy Polşanyň serhetçileri tarapyndan Belarus tarapyna gaýtarylyp berildi, olaryň gyzy polýak tokaýynda ýitdi. Onuň nirededigi şindi hem belli däl.

XS
SM
MD
LG