Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagon: ABŞ oktýabrda Ukraina 30 sany tanka garşy raketa ulgamyny iberdi


Ukrain esgeri "Javelin" raktea ulgamyny atmaga taýýarlanýar.
Ukrain esgeri "Javelin" raktea ulgamyny atmaga taýýarlanýar.

Ýurduň rus agressiýasynyň öňüni almagyna goldaw üçin her ýyl berilýän harby kömegiň bir bölegi hökmünde, ABŞ 30-njy oktýabrda Ukraina tanka garşy ulanylýan 30 sany “Javelin” raketa ulgamyny iberdi diýip, Pentagon 11-nji dekabrda tassyk etdi.

AÝ/AR-nyň Orsýetiň TASS habar gullugynyň beren maglumatyny tassyklatmak üçin ýazan hatyna jogap edip, Pentagon bu ýüküň arasynda 180 sany “Javelin” raketasynyň hem bolandygyny aýtdy.

"Javelinler” Ukraina 23-nji oktýabrda gowşuryldy. ABŞ 2021-nji ýylda Ukraina 450 million dollardan gowrak bahasy bolan howpsuzlyk kömegini berdi we bu, Ukrainanyň özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini goramak ukybyny goldamak ugrunda edýän tagallalarymyzyň bir bölegi" diýip, Pentagonyň metbugat secretary, harby-deňiz güýçleriniň podpolkownigi Anton T. Semelrot elektron poçta arkaly beren jogabynda aýtdy.

Birleşen Ştatlar sentýabr aýynda “Javelini” Ukraina berlen goşmaça 60 million dollarlyk harby kömegiň bir bölegi hökmünde iberýändigini aýtdy. Emma muňa garamazdan, şol wagt Ukraina iberilen ulgamlaryň we raketalaryň sany aýan edilmedi.

“Javelinler” tanklaryň sowutlaryny böwüsýän aldajy ýaraglar bolup durýar. Orsýetiň mümkin bolan agressiýasyndan özüni gorap bilmegi üçin, Birleşen Ştatlar Ukraina mundan öňem “Javelin” ulgamlaryny iberipdi.

XS
SM
MD
LG