Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin SSSR-iň dargamagyna “taryhy Russiýanyň” ýykylmagy hökmünde gynanýar


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagyny “taryhy Russiýanyň” ýykylmagy hökmünde suratlandyrdy. Ukrain serhedine golaý sebitlere onlarça müň rus goşuny toplanýan mahaly aýdylan bu teswir rus prezidentiniň daşary syýasat niýeti babatda dowam edýän gürrüňleri alawlandyryp biler.

“Sowet Soýuzynyň dargamagy taryhy Russiýanyň dargamagy boldy” diýip, Putin 12-nji dekabrda ýaýlyma berlen “Russiýa: ýakyn taryh” atly dokumental filmde SSSR-iň dargaýşyny ýatlady.

Sowet KGB-siniň öňki agenti bolan Putin ozal hem Sowet Soýuzynyň darganyna gynanyp, ony “XX asyryň iň uly geopolitiki betbagtçylygy” atlandyrypdy. Ýöne Putiniň dokumental filmde aýdan teswirleri onuň Sowet Soýuzynyň dargamagyna Russiýanyň güýjüniň weýran bolmagy hökmünde garaýandygyny açyp görkezýär.

Onuň dokumental filmde aýdan teswirleri Günbatar bilen Russiýanyň arasyndaky dartgynlyklaryň ýokarlanýan wagtyna gabat gelýär.

Moskwa 2014-nji ýylyň martynda Ukrainanyň Krym sebitini basyp alyp, bikanun anneksiýa etdi. Şeýle-de, Moskwa 2014-nji ýyldan bäri gündogar Ukrainada 13 müň 200 adamyň ölümine getiren konfliktde separatistleri goldaýar.

Üstesine, Günbatar soňky hepdelerde Russiýany, eýýäm öňümizdäki aýyň başlarynda Ukraina garşy başlamagy ahmal çozuşlara giriş hökmünde serhede golaý sebitlere goşun toplamakda aýyplady. 12-nji dekabrda “Ýedilik topara” girýän ýurtlar (G7) Ukraina hüjüm etmegiň agyr netijeleriniň boljakdygyny Moskwa duýdurdy.

Rus resmileri ýurduň çäginde öz goşunlaryny islendik ýere göçürmäge özleriniň hukugynyň bardygyny aýdyp, hüjüm taýýarlygyny ret edýärler. Gaýtam Moskwa, Kiýewi hem-de NATO-ny gündogar tarapa giňemäge synanyşmakda aýyplaýar.

Putin NATO-nyň gündogar tarapa giňemejekdigi barada ýa-da rus çägine golaý sebitlere öz ýaraglaryny ýerleşdirmejekdigi barada kanuny güýji bolan kepillik isleýär.

13-nji dekabrda daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow Russiýanyň pozisiýasyny has-da ileri sürüp, eger ABŞ we NATO Moskwanyň soraýan kepilligini kanagatlandyrmasa, gapma-garşylygyň ýüze çykyp biljekdigini duýdurdy.

Waşingtonyň we NATO-nyň resmileri hiç bir ýurt beýleki bir ýurduň NATO goşulmak baradaky isleglerini weto edip bilmez diýýär.

Putin dokumental filmde Sowet Soýuzynyň dargamagynyň özünde galdyran täsirleri barada hem gürrüň berdi.

Ol ykdysady we sosial durnuksyzlyk döwrüniň köpleri garyplyga itendigini, hatda onuň öz durmuşyna hem täsir edendigini aýtdy. Ol şol döwürlerde goşmaça gazanç etmek üçin wagtal-wagtal özüniň ulag sürmäge mejbur bolandygyny öňe sürdi. Şol döwürler köp adam öz girdejilerine goşant goşmak üçin şeýle edipdi.

“Käteler men goşmaça pul gazanmaly bolýardym” diýip, ol aýtdy. “Hususy sürüji hökmünde ulag sürüp, gazanç etmeli bolýardym. Bu barada gürrüň etmek, çynymy aýtsam, ýakymsyz, ýöne ýagdaý şeýledi” diýip, Putin aýtdy.

Russiýa günbatarda baltiki ýurtlardan Merkezi Aziýa çenli uzap gidýän giňişlikde 15 respublikadan ybarat Sowet Soýuzynda esasy agza boldy.

Sowet Soýuzy çuň ykdysady problemalaryň arasynda 1991-nji ýylda dargady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG