Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda Saglyk ministrliginiň merkezi edarasynyň işgärleriniň 40%-i işinden boşadyldy


Özbegistanyň Saglyk ministrliginiň merkezi edarasynyň işgärleriniň 40%-i işinden boşadyldy.

Özbegistanyň Saglyk ministrliginiň 14-nji dekabrda geçiren ýygnagynda işgärlere işden boşadylandyklary we aşaky derejeli lukmançylyk edaralarynda iş teklip edilýändigi aýdyldy.

Resmi maglumata görä, işinden boşadylan işgärler işlerinde gowy netije görkezip bilmediler.

Ýygnakda Özbegistandaky lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň bolmaly derejesine ýetmeýändigi bellenildi.

Hususan-da, şu ýylyň 11 aýynda Saglyk ministrligine gelen arzalaryň umumy sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende takmynan 12 müň arza möçberinde köpelip, 57,6 müň boldy. Olaryň köpüsinde berlen lukmançylyk kömeginiň hiliniň pesliginden nägilelik bildirilýär.

Lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň pesligi sebäpli soňky bäş ýylda ýürek-damar kesellerinden ejir çekýänleriň sany 20% ýokarlandy, süýji keseliniň agyrlaşmagy zerarly göz, böwrek we topuk agyrylary 10% ýokarlandy diýip, ýygnakda aýdyldy.

XS
SM
MD
LG