Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

London Russiýany we Hytaýy internetde söz azatlygyna wehim salmakda aýyplaýar


Internetdäki söz azatlygy rus we hytaý senzurasy sebäpli howp astynda diýip, Angliýanyň “Financial Times” gazeti Britaniýanyň Milli kiber howpsuzlygy merkeziniň strategiýasyna salgylanyp ýazýar.

Kiber giňişligini kadalaşdyrýan düzgünler baradaky jedeller açyk jemgyýetlere esaslanýan ulgamy saklamak isleýän ýurtlaryň arasynda, Moskwa we Pekin ýaly bäsdeşleriň mysalynda, yzygiderli bäsleşlik meýdanyna öwrüler.

Strategiýany taýýarlaýanlaryň tassyklamagyna görä, Russiýa we Hytaý internetde döwlet gözegçiliginiň güýçlendirilmegine goldaw berýär diýip, gazet makalasynda aýdylýar.

Şeýle-de, Günbatar bähbitleriniň Orsýet we Hytaý bähbitleri bilen çaknyşmagy sebäpli, Angliýa erkin we açyk internete basyş ediljekdigini duýdurýar.

Iňlis strategiýasy Milli kiber güýçlerine maýa goýumlarynyň köpeldilmegini nazarda tutýar. Olar 2020-nji ýylyň aýagynda döredildi. Ýörite gulluk, beýleki zatlar bilen bir hatarda, hakerlere garşy operasiýa geçirip, garşydaş taraplaryň ýarag ulgamlaryny hem hatardan çykaryp biler diýlip çaklanylýar.

XS
SM
MD
LG