Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ýapon klinikasynda bolan ýangynda azyndan 27 adam öldi


Bezeg suraty.

Ýaponiýanyň Osaka şäherindäki lukmançylyk klinikasynda turan ýangynda 30-a golaý adamyň ýogalan bolmagyndan howatyr edilýär.

Ýaponiýanyň NHK telekanalynyň 17-nji dekabrda beren habaryna görä, ýigrimi ýedi adama "ýürek durmasy we dem alyşyň kesilmegi" diagnozy goýuldy.

Ýaponiýada bu terminler köplenç ölüm resmi taýdan tassyklanylmazdan öň ulanylýar.

Kýodo habar gullugynyň habaryna görä, polisiýa hassahana ot bermekde güman edilýän adamy derňeýär.

Ýerli habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, bir garry adam hassahana tiz tutaşýan suwuklykly sumka getiripdir we ol syzyp çykypdyr.

Ol adam beýik binanyň dördünji gatynda ýerleşýän ruhy saglyk bölüminde bejergi alýan näsag diýip bilinýär.

NHK-nyň çap eden wideosynda binanyň dördünji gatyndaky penjirelerden çykýan tüsse görünýär.

Çagyrylyp getirilen ýangyn söndürijiler ýangyny öçürdiler diýip, habarda aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG