Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan Owganystanyň Mazari-Şerif aeroportuny abatlamak üçin tehnik iberýär


Ilkinji kömek ýüki
Ilkinji kömek ýüki

Owganystanyň demirgazygyndaky Mazari-Şerif şäheriniň howa menziliniň enjamlaryny bejerip, onuň işini gaýtadan ýola goýmak üçin, Özbegistan bu ýere öz hünärmenlerini iberdi.

Özbegistanyň prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Ismatilla Ergaşew 17-nji dekabrda tehnikleriň howa menzilindäki işlerini geljek ýylyň başynda tamamlajakdygyny aýtdy.

Bu kömek goňşulykdaky merkezi aziýa döwletleriniň ABŞ we koalisiýa güýçleri bu ýurtdan çekilip, Günbatar tarapyndan goldanýan Kabul hökümeti awgust aýynda agdarylandan soň, “Talyban” bilen işleşmek islegini görkezýär.

Mundan başga, Özbegistan BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissaryna we beýleki kömek toparlaryna Özbegistanyň günortasyndaky Termez şäherinde, owgan serhediniň alkymynda ynsanperwerlik merkezini döretmäge hem kömek berdi.

BMG-niň bosgunlar agentligi şu wagta çenli Termezdäki logistika merkezine 100 tonna gumanitar kömek iberdi. Şu hepdäniň başynda agentlik Termezden Mazari-Şerife 40 tonna barabar zerur zatlardan doldurylan ilkinji iki kömek awtoulagyny ugratdy.

BMG-niň maglumatyna görä, ilatynyň ýarysyndan gowragynyň ýeterlik gyş azygynyň bolmazlygy bilen, Owganystan gumanitar betbagtçylygyň gyrasynda dur.

XS
SM
MD
LG