Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýurtlar omikron hadysalarynyň 'başagaý etmeginiň' bosagasynda dur


Koronawirusyň tutuş dünýäde çalt depginde ýaýraýan “omikron” görnüşi ýewropa hökümetleriniň bir topar çäklendirme girizmegine, ABŞ resmileriniň hassahanalara ýerleşdirilmeli näsaglaryň gaty köpeljekdigi barada duýduryş bermegine sebäp boldy.

German we fransuz resmileri 17-nji dekabrda omikronyň pandemiýanyň güýçli bäşinji tolkunyny döretmegiň bosagasynda durýandygyny, onuň eýýäm saglyk ulgamlaryna mazaly agram salan delta görnüşiniň döreden aladalaryndan hem kän alada döredýändigini aýtdylar.

Örän çalt ýokaşýandygy aýdylýan täze görnüş entek köp babatda düşnüksiz, ýöne saglyk işgärleri COVID-19 hadysalarynyň arasynda omikrona düşýän paýyň her iki ýa-da üç günden iki esse artýandygyny aýdýarlar.

Londonyň Imperial College ylmy-barlag merkeziniň geçiren barlaglaryna laýyklykda, omikronyň gaýtadan, ikinji gezek ýokuşmak töwekgelçiligi delta görnüşine garanda 5,4 esse ýokary hasaplanýar.

Geçirilen barlaglar omikronyň ozalky koronawirus ýokuşmalary immunitetinden ýa-da iki sanjym dozasyndan köp derejede sowlup bilýändigini we täze wariantyň gaýtadan ýokuşmazlyk goragynyň 19% pes boljakdygyny görkezdi.

Ýokuşmalaryň köpelmegi häli-häzire çenli Angliýada we Ýewropanyň beýleki ýerlerinde hassahanalara ýerleşdirilýän näsaglaryň ýa-da ölýänleriň sanynyň uly köpelişine sebäp bolmady, ABŞ-da hem şuňa meňzeş ýagdaý görünýär.

Emma muňa garamazdan, saglyk resmileri hassahanalarda hassalaryň, hususan-da sanjym edilmedik nasaglaryň birden aşa köpelmeginiň diňe wagt meselesidigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG