Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ senatory: Russiýa kabul edilmejek teklipler bilen 'uruşmaga bahana' edinjek bolýar


Moskwanyň Ukrainanyň golaýyna rus goşunynyň toplanmagy bilen baglanyşykly dartgynlygy gowşatmak üçin öňe süren howpsuzlyk teklipleri Russiýanyň “uruş üçin bahana döretmek synanyşygynyň” alamaty bolup görünýär diýip, ABŞ Senatynyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň baş respublikan agzasy aýdýar.

ABŞ senatory Jim Riş (Respublikan-Idaho) 18-nji dekabrda eden beýanatynda Russiýanyň teklipleriniň howpsuzlyk ylalaşyklary däl-de, rus prezidenti Wladimir Putini ynjaltmak üçin ABŞ we NATO tarapyndan edilmeli eglişikleriň sanawy bolup durýandygyny aýtdy.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan 17-nji dekabrda hödürlenen tekliplerde NATO-nyň gündogar tarapa giňelmeginiň we bileleşigiň Gündogar Ýewropadaky harby işjeňliginiň çäklendirilmegi talap edilýär.

"Russiýa Federasiýasy bu talaplary olaryň kabul edilmeginiň mümkin däldigine doly düşünip etdi" diýip, Riş aýtdy.

"Putin Birleşen Ştatlaryň we biziň 29 NATO ýaranymyzyň Ukraina ýaly öz ýoluny özbaşdaş kesgitlemeli özygtyýarly döwletleriň geljegi barada gepleşik geçirmeýändigimizi we geçirmejekdigimizi bilýär" diýip, senator Baýden administrasiýasyny we NATO-nyň ähli ýaranlaryny bu talaplary ret etmäge çagyrmak bilen, ýaranlygyň Putiniň bu ret etmäni harby güýç ulanmak üçin bahana hökmünde ulanmagyna taýyn bolmalydygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG