Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Filippinlerdäki güýçli taýfunda 200-den gowrak adam öldi


Gyssagly kömek berýän gulluklaryň uzak sebitlere barmagy bilen, ölenleriň we ýaralananalaryň snaynyň has-da ýokarlanmagyna garaşylýar. Filippinler
Gyssagly kömek berýän gulluklaryň uzak sebitlere barmagy bilen, ölenleriň we ýaralananalaryň snaynyň has-da ýokarlanmagyna garaşylýar. Filippinler

Filippinlerde bolan güýçli taýfunda 200-den gowrak adam öldi. Bu, şu ýyl günorta-gündogar Aziýa ýurduna zarba uran iň güýçli tupandyr.

Resmileriň 20-nji dekabrda beren maglumatyna görä, “Rai” taýfunyndan soň başga-da 52 adam dereksiz ýitdi we tupan birnäçe merkezi şäherlerde hem-de welaýatlarda aragatnaşygy kesdi.

Milli polisiýa güýçli harasatda azyndan 208 adamyň ölendigini we başga-da 239 adamyň ýaralanandygyny habar berýär. Gyssagly kömek berýän gulluklaryň uzak sebitlere barmagy bilen, bu görkezijileriň has-da ýokarlanmagyna garaşylýar.

Gözleg we halas ediş işlerine kömek bermek tagallalarynyň çäginde polisiýa we harby işgärleriniň, kenarýaka goragçylarynyň hem-de ýangyn söndürijileriň müňlerçesi ýurduň iň köp zyýan çeken sebitlerine ýerleşdirildi.

Filippinleriň Gyzyl Haç guramasy “Rai” taýfuny öýleri, hassahanalary we mekdepleri “böleklere bölenden” soňra kenarýaka sebitlerinde “doly gyrgynçylygyň” bolandygyny habar berdi.

17-nji dekabrda turan taýfunyň güýji sagatda 195 kilometre ýetdi. Ölenleriň köpüsiniň üstüne opurlan agaçlar ýa diwarlar ýykyldy, ýa-da olar suw joşmalarynda gark boldy ýa-da ýer süýşgüninde diri jaýlandy.

XS
SM
MD
LG