Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birleşen Ştatlaryň howpsuzlyk maslahatçysy: ABŞ ukrain serhedinde toplanan rus goşunlary boýunça dialoga taýýar


ABŞ-nyň howpsuzlyk maslahatçysy Jeýk Sulliwan
ABŞ-nyň howpsuzlyk maslahatçysy Jeýk Sulliwan

ABŞ-nyň howpsuzlyk maslahatçysy Jeýk Sulliwan rus kärdeşi bilen geçiren gepleşiginde Ukraina serhedine golaý sebitlerde rus goşunynyň toplanmagy boýunça Waşingtonyň diplomatik dialoga taýýardygyny, ýöne islendik dialogyň Ýewropadaky hyzmatdaşlar we ýaranlar bilen utgaşykly geçirilmelidigini aýtdy.

Sulliwan prezident Wladimir Putiniň daşary syýasat maslahatçysy Ýuriý Uşakowa Birleşen Ştatlaryň köp dürli kanallar arkaly, şol sanda ikitaraplaýyn esasda, NATO-Russiýa geňeşiniň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde (ÝHHG) gepleşikleri geçirmäge taýýardygyny aýtdy diýip, Ak tam 20-nji dekabrda beren beýanatynda aýtdy.

Bu beýanat “ruslar bilen arada dowam etdirilýän gepleşiklere we gatnaşyklara gabat gelýär” diýip, metbugat sekretary Jen Psaki aýtdy.

Ukraina serhedine golaý sebitlerde rus goşunlarynyň toplanmagy boýunça Ýewropada dowam edýän dartgynlygyň arasynda Sulliwan Uşakow bilen telefonda gürleşdi.

“Sulliwan islendik gepleşigiň özara ylalaşyga esaslanmalydygyny hem-de Russiýanyň hereketleri bilen bagly aladalarymyza gönükdirilmelidigini, şol bir wagtda gepleşikleriň ýewropaly hyzmatdaşlarymyz we ýaranlarymyz bilen doly utgaşykly geçirilmelidigini açyk mälim etdi” diýip, Psaki aýtdy.

Moskwa geçen hepde öz howpsuzlyk tekliplerini, şol sanda NATO-nyň öz çägini gündogar tarapa giňeltmejekdigi barada kepillik talaplaryny mälim etdi.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskowyň sözlerine görä, Uşakow Sulliwana Moskwanyň talap edýän howpsuzlyk kepillikleri boýunça resminamalaryň taýýarlyk işleri boýunça gepleşiklere başlamaga taýýardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG