Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Döwlet dumasyna adam gynanlara berilýän jezany ýokarlandyrmak teklip edilýär


Orsýetiň Döwlet dumasyna adam gynandyklary üçin döwlet işgärlerine berilýän jezalary ýokarlandyrmagy teklip edýän kanun taslamasy hödürlendi.

Bu başlangyjyň arkasynda Döwlet dumasynyň we Federasiýa geňeşiniň döwlet gurluşy we kanunçylyk boýunça komitetleriniň başlyklary Pawel Kraşeninnikow we Andreý Klişas durýar. Emma bu taslama heniz parlamentiň aşaky palatasynyň maglumatlar bazasynda çap edilmedi.

Kanun taslamasyna laýyklykda, döwlet işgärleri tarapyndan amala aşyrylan adam gynamalary agyr jenaýatlar kategoriýasyna giriziler we bu jenaýatda günäli tapylanlar 12 ýyla çenli azatlykdan mahrum ediler.

Şeýle-de, bu hili jenaýatlaryň derňelmeginiň çäklendirme möhleti 10 ýyla çenli ýokarlandyrylýar.

Mundan başga, BMG-niň 1984-nji ýylyň 10-njy dekabrynda gynamalara we beýleki rehimsiz, adamkärçiliksiz ýa-da kemsidiji çemeleşmelere we jezalara garşy kabul eden konwensiýasyna laýyklykda, täze kanunda adam gynalmagyna has anyk we has jikme-jik kesgitleme berilýär.

Kanun taslamasyna hususan-da “gorkuzmak” düşünjesini girizmek nazarda tutulýar; bu düşünje tussagyň şahsyýetini gözegçilikde saklamak ýa-da başga bir adamy gynalmak gorkusy astynda haýsydyr bir herekete mejbur etmek üçin ulanylýan “gorkuzmalary” nazarda tutýar.

XS
SM
MD
LG