Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz resmileri öňki prezident Akaýewe bildirilen aýyplamalaryň ýatyrylandygyny ret edýär


Arhiw suraty
Arhiw suraty

Gyrgyzystanyň howpsuzlyk resmileri öňki prezident Askar Akaýewiň Kumtor altyn käni bilen bagly ýokary derejeli jenaýat işinde özüne bildirilýän aýyplamalaryň ýatyrylandygy barada golaýda aýdan sözlerini ret etdiler.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň 21-nji dekabrda, giçlik çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, Kumtor derňewi bilen baglylykda, öňki prezident Akaýewe garşy täze aýyplama bildirildi.

Awgust aýyndan bäri, derňew esasynda ýüze çykan soraglara jogap bermek üçin geçen hepde ikinji gezek Bişkek şäherine gelen Akaew 21-nji dekabrda Orýstede çykýan “Moskowskiý Komsomolets” gazetine beren interwýusynda özüne bildirilýän ähli aýyplamanyň ýatyrylandygyny we indiden beýläk Gyrgyzystana arkaýyn baryp biljekdigini aýtdy.

Şondan bir gün öň egindeşi Bolot Talgarbekowyň Azatlyk radiosyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, Akaýew soragdan soň Bişkekden Moskwa gitdi we öňki prezidente bildirilýän ähli aýyplama ýatyryldy.

Emma bu aýdylýan sözler häkimiýetler tarapyndan bada-bat ret edildi.

"Geçirilýän derňew barada ygtybarly maglumaty bolmadyk adamlaryň käbiriniň aýdýan zatlaryna jemgyýete täsir etmek we adamlaryň başyny garjaşdyrmak synanyşygy hökmünde garalmaly. MHDK Kumtor meselesinde ähli şübheli adamlaryň, şol sanda Askar Akaýewiň hem işleriniň derňelýändigini halka habar berýär, bu iş dowam edýär” diýip, milli howpsuzlyk komitetiniň beýanatynda aýdylýar.

Dünýädäki iň uly altyn känleriniň biri bolan Kumtor soňky ýyllarda maliýe we daşky gurşaw meselesinde ýüze çykan düşünişmezlikleriň nyşanasyna öwrüldi. Bu altyn käni häzir gyrgyz döwleti bilen magdan operatorynyň, Kanadanyň “Centerra Gold” kompaniýasynyň arasynda gözegçilik üstünde turan dawanyň merkezi boldy.

Döwlet milli howpsuzlyk komiteti iýul aýynda, Kumtor korrupsiýa derňewi bilen baglylykda, Akaýewiň we bosgunlykdaky öňki prezident Kurmanbek Bakiýewiň halkara derejesinde gözlenýän adamlaryň sanawyna goşulandygyny aýtdy.

Howpsuzlyk komitetiniň maglumatyna görä, “Centerra Gold” Gyrgyzystanyň ýokary derejeli resmilerine, şol sanda Akaýewe, Bakiýewe we häzirki wagtda aýry-aýry aýyplamalar bilen tussaglykda saklanýan başga bir öňki prezidente, Almazbek Atambaewe para beripdir.

Akaew 2005-nji ýyldaky “Bägül rewolýusiýasy” diýilýän wagtynda Russiýa gaçdy. Ol 1990-2005-nji ýyllar aralygynda prezident boldy we ýurtdan gideninden soň hatda ýakyn garyndaşlary jaýlananda hem Gyrgyzystana gelmekden saklandy.

Bakiýew bolsa, 2010-njy ýyldaky protestler netijesinde wezipesinden gyrakladylaly bäri Belarusda bosgunlykda ýaşaýar.

XS
SM
MD
LG