Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow orunbasaryna berk käýinç we soňky duýduryş berdi


 Gurbanguly Berdimuhamedow ýene käýinç we soňky duýduryş berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýene käýinç we soňky duýduryş berdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji dekabrda hökümet başlygynyň orunbasary Çary Gylyjowa berk käýinç ylgan etdi. TDH-nyň maglumatyna görä, ol wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadypdyr.

Şeýle-de oňa ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek üçin soňky duýduryş berildi. Emma habarda hiç bir anyk sebäp görkezilmeýär.

Bu käýinç we duýduryş wise-premýere bir hepde öň egindeşi Serdar Berdimuhamedow bilen bilelikde sebitlere aýlanyp, bazarlardaky nyrhlar bilen tanyşmak tabşyrygynyň berilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Şonda wise-premýerlere Oba milli maksatnamasynyň, importuň ornuny tutýan önümleri öndürmek, eksport edilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen ýerinde tanyşmak tabşyrylypdy.

Döwlet baştutany Ç.Gylyjowa ozalam şeýle käýinç we duýduryş beripdi. TDH-nyň 2020-nji ýylyň 21-nji awgustyndaky habaryna görä, prezident bir günde iki orunbasaryna berk käýinç we soňky duýduryş yglan etdi.

Wise-premýerler Esenmyrat Orazgeldiýewe hem-de Çary Gylyjowa yglan edilen soňky duýduryşlar şol wagt hem resmileriň “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy” bilen düşündirildi.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, prezident her baýramçylykdan öň, hususan-da Täze ýyl baýramçylygyndan öň bazarlary dürli harytlardan doldurmagy, bahalaryň elýeterli bolmagyny talap edýär.

Azatlygyň habarçylarynyň we beýleki garaşsyz neşirleriň maglumatlaryna görä, bazarlardaky nyrhlary ýokardan berlen görkezme esasynda peseltmek synanyşyklary käbir gapma-garşylylara alyp gelýär. Emma döwlet eýeçiligindäki metbugatda bu barada hiç bir maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG