Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talyban" döwründe Owganystanda 231 neşir ýapyldy, 6400 žurnalist işsiz galdy


Metbugat azatlygyna gözegçilik edýän "Serhetsiz reportýorlar" guramasy 20-nji dekabrda Owganystanyň erkin žurnalistler birleşigi bilen bilelikde taýýarlan hasabatyny çap etdi.

“Talyban” häkimiýet başyna geleli bäri Owganystanda 231 sany habar beriş serişdesi ýapyldy we 6400 žurnalist we metbugat işgäri işini ýitirdi diýip, hasabatda aýdylýar we režimiň görem repressiw çärelerinden hususan-da zenan žurnalistleriň kän ejir çekendigi bellenilýär.

Iki guramanyň bilelikde taýýarlan hasabatynda habar serişdeleriniň Aşraf Ganiniň dolandyryşy döwründäki ýagdaýy bilen 15-nji awgustda Owganystanda “Talyban” häkimiýet başyna gelenden soňky ýagdaýy deňeşdirilýär.

Hasabatyň awtorlarynyň bellemegine görä, "Talyban" häkimiýet başyna geçensoň žurnalistlere edilýän basyşlar güýçlenipdir. Şeýle-de olar, "Talyban" häkimiýet başyna gelenden soň, "owgan metbugat giňişliginde" düýpli özgerişlikleriň bolandygyny bellediler.

"Talyban" häkimiýet başyna gelmezinden ozal Owganystanda işlän 543 habar serişdesinden häzir diňe 312-si işleýär. Has anygy, soňky dört aýyň dowamynda bu ýurtda habar beriş serişdeleriniň 43% -i ýapyldy.

XS
SM
MD
LG