Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamadedow "omikronyň" serhetden geçmeginiň öňüni almagy buýurýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji dekabrda wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýewiň hem-de Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirip, ýokanç keselleriň, hususan-da, täze “omikron” ýokanjynyň ýurda aralaşmagynyň öňüni almak boýunça maslahat etdi.

TDH döwlet baştutanynyň bu meselede arkaýynlaşmaly däldigini aýratyn nygtandygyny, sebäbi bu ýokançlaryň ýurtdan-ýurda adamlaryň we harytlaryň döwlet serhetlerinden geçmegi arkaly ýaýraýandygyny belleýär.

“Şoňa görä-de, adamlar ýurdumyza gelende, şeýle hem harytlar, şol sanda azyk önümleri ýurdumyza getirilende, nähili gorag çäreleriniň görülýändigine garamak üçin maslahat geçirmek kararyna gelindi” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýdypdyr.

Bu maslahat ýurtda Täze ýyl baýramçylygynyň öňünden bazarlardaky nyrhlary peseltmek, haryt bolçulygyny döretmek tagallalarynyň arasyna gabat geldi.

Türkmenistanyň bazarlary, resmi bolmadyk maglumatlara görä, esasan daşary ýurtlardan import edilen önümlere daýanýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurtda azyk howpsuzlygynyň döredilendigini tekrarlaýan prezident, TDH-nyň ýazmagyna görä, “azyk harytlarynyň ätiýaçlyk gorlary baradaky maglumatlary yzygiderli seljermegi”, import edilýän hatyrlar babatynda “zyýansyzlandyryş işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy” tabşyrdy.

türkmenistan özünde hiç bir koronawirus hadysasyny resmi taýdan hasaba almadyk az sanly ýurtlaryň biri bolup galýar.

XS
SM
MD
LG