Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ, Ukraina Putiniň serhetdäki gyzyşmada özlerini günäkärläp aýdan sözlerini ret edýär


Russiýanyň Kiýewdäki ilçihanasynyň öňünde ýerleşdirilen ukrain baýdaklary. Bu 2014-njy ýyldan bäri Ukrainanyň gündogaryndaky konfliktde öldürilen 14 müň çemesi adamy alamatlandyrýar. (arhiw suraty)

Birleşen Ştatlar we Ukraina rus prezidenti Wladimir Putiniň 23-nji dekabrda guralan metbugat ýygnagynda öňe süren tassyklamasyny, Kiýewiň gündogar sebitinde harby hüjüm taýýarlaýandygyny inkär edýärler.

Ak tamyň metbugat sekretary Jen Psaki "faktlaryň Russiýa bilen Ukrainanyň serhedindäki ýeke-täk agressiýanyň ruslar tarapyndan toplanan harby güýç we rus lideriniň ulanýan dawaçyl sözleri bilen baglydygyny açyk görkezýändigini" aýtdy.

Şeýle-de Psaki NATO-nyň goranyş ýaranlygydygyny we “Birleşen Ştatlardan ýa-da NATO agzalaryndan munuň beýle däldigini aňladýan” subutnama getirip bolmajakdygyny belledi.

Putin Günbatarda goşun bölümleriniň jemlenmegi we Ukrainanyň üstüne çozulmak ähtimallygy barada edilýän aladalar Ukrainanyň gündogaryndaky separatistlere garşy hüjüm etmek synanyşygynyň başlangyjy bolup biler diýen çaklamany öňe sürdi.

“Görnüşinden olar [Donbasda] ýene bir operasiýany taýýarlaýarlar. Olar biziň ýollaryndan çekilmelidigimizi, ýogsa-da sanksiýalary girizjekdigini duýdurýarlar” diýip, Putin belledi.

Ukrain resmileri hem Kiýewiň separatistlere garşy hüjüm etmek niýetiniň bardygyny ret etdiler we Ukrainanyň daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Oleg Nikolenko Putiniň aýdan zatlary dogry däl diýdi.

23-nji dekabrda Ukrainanyň Daşary işler ministrligi Russiýa tarapyndan Donbasa iberilen bikanun “ynsanperwer ulag kerwenine” hem protest bildirdi. Donbas 2014-nji ýylyň aprelinden bäri Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistleriň gözegçiliginde bolmagynda galýar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 23-nji dekabrda britan daşary işler ministri Liz Truss bilen bu ýagdaý barada maslahat etdi we britan resmisi hem NATO-nyň goranyş ýaranlygy bolup durýandygyny belledi.

“Russiýanyň öjükdiriji hereketlerine we dyzmaçlygyna garamazdan, Ukraina öwgä mynasyp derejede saklanmagy dowam etdirýär” diýip, Truss belledi.

Truss Russiýa hüjüme geçse, onda munuň “uly strategiki ýalňyş boljakdygyny, şeýle-de bu hereketleriň berk garşylanjakdygyny, şol sanda Russiýanyň bähbitlerine we ykdysadyýetine ýaramaz täsir ýetirjek ýaranlaryň utgtaşykly sanksiýalarynyň hem giriziljekdigini” sözüne goşdy.

Truss we Blinken “Russiýanyň Ukraina babatyndaky nobatdaky agressiw hereketlerine garşy ýaranlaryň we hyzmatdaşlaryň arasyndaky utgaşykly tagallalaryny pugtalandyrmagyň möhümdigini hem nygtadylar” diýip, Döwlet departamentiniň metbugat wekili Ned Praýs aýtdy.

Mundan başga-da, Psaki Putiniň ýanwarda geçirilmegi göz öňünde tutulýan diplomatiki gepleşikler babatynda aýdan sözleriniň üstünde hem durup geçdi.

“Biz munuň ilerlemek üçin iň gowy we iň dogry ýoldugyna ynanýarys” diýip, Psaki belledi, şeýle-de gepleşikleriň anyk ýeri we wagty barada entek doly ylalaşylmandygyny nygtady.

Putin gepleşikleri ýanwarda Ženewada geçirmek barada ozal ylalaşylandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň administrasiýasynyň ýokary derejeli wekili Birleşen Ştatlaryň ýanwaryň başlarynda Russiýanyň howpsuzlyk kepilleri babatyndaky talaplaryny maslahat etmäge taýýardygyny aýtdy, emma gepleşikleriň ýerini aýan etmedi.

Şol bir wagtda, ol Russiýanyň käbir talaplarynyň kabul ederliksizdigini hem belledi.

Russiýanyň talaplary esasan özüniň goňşy döwletlerindäki Moskwanyň “täsirini” artdyrmaga gönükdirilendir. Mundan öň, hem Ukraina, hem-de Gürjüstan Russiýanyň mümkin agressiýasyna garşy durmak üçin NATO agza bolmak baradaky isleglerini mälim edipdiler.

ABŞ resmisi eger-de Russiýa Ukraina hüjüm etse, onda Birleşen Ştatlaryň we ýaranlaryň Russiýanyň ykdysadyýetine uly zarba urjak çäreleri görmäge taýýardygyny” aýtdy. Şeýle-de, munuň Russiýanyň islemeýän netijelerini döretjekdigini, ýagny NATO-nyň Russiýadan uzaklaşman, oňa has ýakynlamagyna sebäp boljakdygyny” duýdurdy.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG