Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mejbury zähmetiň ulanylmagy sebäpli, Baýden import gadaganlygy kanunyna gol çekdi


Sinjiaň görnüşi
Sinjiaň görnüşi

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Hytaýyň Sinjiaň uýgur awtonom sebitinden haryt getirilmegini gadagan edýän kanuna gol çekdi. Bu kanun Sinjiaň sebitinde mejbury zähmet ulanylmagyna jogapkär bolan şahslara garşy sanksiýa girizilmegini hem nazarda tutýar diýip, Ak tamyň metbugat gullugy habar berdi.

Sinjiaňda “Uýgurlaryň mejbury işledilmeginiň öňüni almak hakyndaky” kanun taslamasy Kongresde bir ýylyň dowamynda taýýarlandy we kabul edildi. Wkiller öýüniň senatorlary 16-njy dekabrda bu kanun taslamasyny tassyk etdi.

Hytaýyň Daşary işler ministrligi bu kanuna "aşa gahar" we "aýgytly nägilelik" bildirmek bilen jogap berdi.

Hytaý DIM-niň nygtamagyna görä, Birleşen Ştatlar "Sinjiaňdaky adam hukuklary ýagdaýy babatynda bilkastdan töhmet atýar, halkara hukugyny we halkara gatnaşyklarynyň esasy kadalaryny düýpli bozup, Hytaýyň içerki işlerine gödek gatyşýar".

HHR-nyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Amerikan tarapyna "ýalňyşlyklaryny derrew düzetmegi we Sinjiaň bilen baglanyşykly problemalary ýalan maglumat ýaýratmak üçin ulanmagy bes etmegi" maslahat berdi.

ABŞ Hytaýy Sinjiaň uýgur awtonom sebitiniň ýaşaýjylarynyň hukuklaryny bozmakda aýyplaýar. Hytaý ýüzlerçe müň uýgury we beýleki etniki azlyklary gowaça meýdanlarynda agyr fiziki zähmet bilen meşgullanmaga mejbur edýär. Günbatar ýurtlarynyň birnäçesi, şol sanda ABŞ, Kanada we Gollandiýa hytaý häkimiýetlerini genosidde we adamzada garşy jenaýatda aýyplaýar.

Emma Hytaý bu aýyplamalary ret edýär. Ýurduň häkimiýetleri uýgurlar babatda ulanylýan häzirki syýasatyň terrorçylygyň öňüni almaga we yslamçy ekstremizmi ýok etmäge gönükdirilendigini, döredilen lagerleriň bolsa, tussaglary "gaýtadan terbiýelemek" üçin ulanylýan täsirli guraldygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG