Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanda “Talyban” aýallaryň syýahat mümkinçiliklerini çäklendirdi


"Talyban" awgustda häkimiýeti ele geçirenden soň aýal-gyzlaryň hukuklaryny berk çäklendirdi.

Owganystanda “Talyban” aýal-gyzlaryň azatlyklaryny hasam çäklendirip, 72 kilometrden uzak aralyga syýahat etmek isleýän aýal maşgalalary, ýanlarynda ýakyn bir erkek garyndaşy bolmasa, transport serişdesine goýbermezligi tabşyrdy.

Mundan başga-da, Päk ahlak ündewi we azgynlygyň öňüni almak ministrligiň ýaýradan beýanatynda ähli sürüjilere ulaglarynda aýdym-saz aýtdyrmazlyga we hijaby bolmadyk aýal-gyzlary ulagyna mündürmezlige çagyrylýar.

26-njy dekabrda ministrligiň metbugat wekili Mohammad Sadik Akif bu baradaky maslahat beriji talaplaryň hakykylygyny tassyklady.

Kabulyň atlandyrylmasyzlygyny soran bir taksi sürüjisi eýýäm birnäçe wagtdan bäri “Talybanyň” ýaragly wekilleriniň ulaglarda aýdym-saz aýtdyrmazlyk we hijapsyz aýal-gyzlary ulaga almazlyk barada duýduryş berýändiklerini aýtdy.

Awgustyň ortalarynda “Talyban” Owganystanda häkimiýeti ele geçirenden soň, diňe erkeklerden ybarat hökümeti esaslandyrdy. Onuň düzümine esasan berk şerigat kanunlarynyň girizilmeginiň tarapynda çykyş edýän baýry jeňçiler girdi.

Aşa dinçi yslamçy topar ozalky hökümetiň esaslandyran Aýallaryň işleri boýunça ministrligi ýatyrdy we aýal-gyzlaryň hukuklaryny berk çäklendirdi. Aglaba aýallara işlemek gadagan edildi, şeýle-de köp gyzlaryň bilim almak hukugy elinden alyndy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG