Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Milletçi Žirinowskiý Ukraina bombaly hüjüm edilmelidigini aýdýar


Wladimir Žirinowskiý
Wladimir Žirinowskiý

Russiýanyň dyzmaçlygy bilen ýakasyny tanadan belli syýasatçylarynyň biri, ABŞ-nyň we onuň ýewropaly ýaranlarynyň Moskwa Ukrainanyň serhedinde harbylarynyň sanyny artdyryp, oňa hüjüm edip biljekdigi boýunça bildirýän aýyplamalarynyň arasynda, Ukraina babatyndaky haýbatly çykyşlaryny hasam ýygjamlaşdyrdy.

27-nji dekabrda aşa milletçi Wladimir Žirinowskiý milli telewideniýede eden çykyşynda Täze ýyl gijesinde rus harbylarynyň Ukraina bomba hüjümini amala aşyrmalydygyny aýtdy.

Döwlet dumasynyň orunbasary, şeýle-de milletçi Russiýanyň Liberal Demokratik Partiýasynyň lideri Žirinowskiý “Birinji kanalda” eden çykyşynda “eger-de men prezident bolan bolsam, onda şular ýaly hüjümi 31-nji dekabrdan 1-nji ýanwara geçilýän gije, sagat daňdan 4-ler ýa 5-ler töweregi, haçanda her kim entek serhoş wagty amala aşyrardym” diýip, aýtdy.

75 ýaşly Žirinowskiý 1991-nji ýylda LDPR partiýasyny esaslandyrandan bäri dawaly beýanatlary bilen ýakasyny tanatdy. 1990-njy ýyllaryň ortasynda, haçanda ikinji çeçen urşy başlananda ol Demirgazyk Kawkaz respublikasyna ýadro bombasyny oklamagyň tarapynda hem çykyş edipdi.

26-njy dekabrda Russiýanyň beýleki bir ýakasyny tanadan kremlçi syýasatçysy Ramzan Kadyrow hem Ukrainany basyp almaga hemaýat bermäge taýýardygyny öňe sürdi.

“Ukraina biziň ýurdumyza birikdirilmeli, bu biziň territoriýamyz” diýip, Çeçenistany zalymlyk bilen dolandyrmakda özüni tanadan Kadyrow aýtdy.

Russiýa 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp aldy. Moskwa Ukrainanyň gündogaryndaky Kiýewiň hökümetine garşy söweşýän separatistleri hem goldamakda aýyplanýar.

Russiýa Ukraina hüjüm etmek niýetiniň ýokdugyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG