Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we Russiýa 10-njy ýanwarda howpsuzlyk gepleşiklerini geçirerler


ABŞ-yň we Russiýanyň baýdaklary
ABŞ-yň we Russiýanyň baýdaklary

ABŞ we Russiýa Ukraina boýunça dartgynlylyklaryň artýan döwri, 10-njy ýanwarda howpsuzlyk gepleşiklerini geçirerler.

Ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda ýadro ýaraglarynyň kontrollygy we Ukraina üns merkezinde bolar, diýip Ak Tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat wekili 27-nji dekabrda AFP we Reuters habar gulluklaryna aýtdy.

“Haçanda biz gepleşikler üçin oturanymyzda, Russiýa özüniň aladalaryny beýan edip biler. Biz hem Russiýanyň hereketleri bilen bagly öz aladalarymyzy äşgär ederis” diýip, Ak Tamyň metbugat wekili aýtdy. “Biziň öňegidişlikleri gazanjak we özara ylalaşmaýan pudaklarymyz bolar. Bu diplomatiýanyň aýratynlygy” diýip, ol sözüne goşdy.

Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow 28-nji dekabrda TASS habar gullugyna gepleşikleriň senesini tassyklady. Ol Ženewada geçjek duşuşykda mundan ozal Waşingtona hödürlenen “howpsuzlyk şertnamalarynyň” hem maslahat ediljekdigine umyt bildirdi.

Moskwa şu aýyň ortasynda öz howpsuzlyk tekliplerini, şol sanda NATO-nyň öz çägini gündogar tarapa giňeltmejekdigi barada hem-de ýaranlygyň Gündogar Ýewropadaky harby hereketlerini çäklendirmegi, Ukraina we Gürjüstan bilen hyzmatdaşlygy çäklendirmegi boýunça kepillik talaplaryny mälim etdi. Bu talaplar Ukraina serhedine golaý sebitlerde rus goşunynyň toplanmagy boýunça dartgynlylyklaryň ýitileşen döwrüne gabat geldi.

12-nji ýanwarda aýratynlykda Russiýa we NATO gepleşikleriniň geçirilmegine garaşylýar. Mundan başga-da, ABŞ-nyň metbugat wekiliniň maglumatyna görä, 13-nji ýanwarda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň hem Russiýa bilen gepleşikleri bolar.

Russiýa NATO bilen maslahaty “möhüm” atlandyrdy, şol bir wagtda oňa harby resmileriň hem gatnaşmagyny isleýändigini aýtdy.

Bu gepleşiklerde esasan Russiýanyň harbylarynyň toplanmagynyň maslahat ediljekdigine garaşylýar. Waşington we onuň ýewropaly ýaranlary munuň Moskwanyň 2022-nji ýylyň başlarynda Ukraina hüjüme geçmek üçin taýýarlyk bolup biljekdigini aýdýarlar.

Ýaranlygyň baş sekretary Ýens Stoltenberg tarapyndan teklip edilen Russiýa-NATO Geňeşiniň gepleşikleri başa barsa, bu şu hili gepleşikleriň soňky 2,5 ýylyň içinde ilkinji gezek geçirildigi bolar.

Russiýa 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp alandan soň, ol Geňeşiň düzüminden çykaryldy. Mundan başga-da, Moskwa 8 ýyldan bäri Ukrainanyň gündogarynda Kiýewiň hökümetine garşy söweşýän separatistleri goldamakda aýyplanýar.

Russiýa Ukraina hüjüm etmek niýetiniň ýokdugyny aýdýar. Ol gaýta Ukrainany we NATO-ny prowokasiýa etmekde aýyplaýar.

XS
SM
MD
LG