Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hyýaly älem, sap tilsimat we harbylaşdyrylan kosmos: 2022-nji ýylda üns berilmeli bäş tehnologýa täzeligi


Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde ýerleşýän bir barlaghanada ylym işgäri koronawirusa garşy sanjym işläp düzmek üçin COVID-19 ýokuşan öýjügi mikroskop arkaly barlaýar. 20-nji maý, 2020-nji ýyl. Illýustrasiýa suraty.

Arassa tilsimat boýunça gazanylan ösüşler, global ýarym geçiriji ýetmezçiligi we giňeýän hyýaly älem (metaverse): bu makala 2022-nji ýylda dünýäni şekillendirjek bäş tehnologiýa meýli barada gürrüň berýär.

Eger-de dünýä 2021-nji ýylda COVID-19 pandemiýasynyň ýol açan geň-taňlygyndan çykalga gözlän bolsa, 2022-nji ýylda ol pandemiýanyň ýüze çykaran “täze şertlerinden” ugur alyp, geljegi bina eder.

Koronawirus soňky iki ýylyň dowamynda adamlaryň ýaşaýyş-durmuşyna içgin täsir etdi: uzak aralyk iş tertibi barha ýoň boldy, halkara syýahat düzgünleri üýtgedi we sanly aragatnaşyk ulgamlaryna has köp bil baglanyldy.

Bary-ýogy birnäçe hepdäniň dowamynda COVID-19 dünýäni düýbünden başga şertlere iterdi: meselem, global geňeşdarlyk hyzmatlaryny hödürleýän McKinsey kompaniýasy pandemiýanyň ilkinji üç aýynda dünýäde “sarp edijiligiň we iş dünýäsiniň sanlylaşdyrylmagynda bäş ýyl öňe gidilendigini” aýtdy.

Köp babatda öňümizdäki 2022-nji ýyl pandemiýanyň ýüze çykaran dessin üýtgeşmeleriniň has-da güýçlendirilen ýyly bolar, tehnologiýa dünýäsinde has köp öňe gidişlikler gazanylar.

Telekeçi we futurolog Peter Diamandise görä, adamzat öňümizdäki 10 ýylyň dowamynda, geçen 100 ýylda gazanylan ösüşleriň jeminden has köp ösüşlere şaýat bolar, tehnologiýa bir topar pudagy, şol sanda saglyk ylmyny, material ylymlary, energiýa we transport pudaklaryny gaýtadan şekillendirer.

“Öňümizdäki 10 ýylyň dowamynda biz her bir pudagy täzeden oýlap taparys” diýip, Diamandis geçen ýyl “The Guardian” neşirine beren interwýusynda aýtdy. “Bu örän çalt hereket edýär, sebäbi tehnologiýa elýeterliligi bolan adamlaryň sany barha köpelýär, şonuň üçin biz has köp problemadan baş çykaryp bilýäris” diýip, ol belledi.

Bu özgertmeler korporasiýalara, hökümetlere we dünýäniň çar künjeginde ýaşaýan ähli adamlara täsir edip biler, üýtgeşmeleriň gerimi uly bolar.

2022-nji ýyla nazar aýlasak, dünýä barha wirtuallaşýar we bu proses modadan başlap, tä maliýe pudagyna çenli ähli zatlary üýtgedýär.

Mark Zukerbeg 28-nji oktýabrda Facebook kompaniýasynyň adynyň Meta hökmünde üýtgedilýändigini yglan edip, geçiren wirtual maslahatynda özüniň hyýal älemindäki awatary, keşbi bilen gürleşýär.
Mark Zukerbeg 28-nji oktýabrda Facebook kompaniýasynyň adynyň Meta hökmünde üýtgedilýändigini yglan edip, geçiren wirtual maslahatynda özüniň hyýal älemindäki awatary, keşbi bilen gürleşýär.

Arassa energiýa tehnologiýalarynda we bio-inženerçilikde gazanyljak sepgitler hem alysda däl, bu ösüşler keselleri bejermekde we klimatyň üýtgemegine garşy göreşmekde örän täsirli bolar.

Bireýýäm şahsy taraplary myhman almaga uýgunlaşýan kosmos giňişligi hem ýurtlaryň arasyndaky, hususan-da Birleşen Ştatlar bilen Hytaý aradaky, harby bäsdeşlik üçin täze platforma hödürlär. Pekin bilen Moskwanyň arasyndaky syýasy dartgynlyk global ýarym geçiriji ýetmezçiligini has-da tutaşdyrdy. Bu ýagdaý global üpjünçilikde duýdansyz üýtgeşmelere getirip biler.

Hyýaly älemiň (metaverse) esaslary

Mark Zukerberg (Mark Zuckerberg) oktýabrda Facebook kompaniýasynyň adyny “Meta” hökmünde üýtgedip, guramanyň mundan beýläk hyýaly älem (wirtual dünýä) bina etmäge ünsi gönükdirjekdigini yglan etmegi hyýaly älem düşünjesiniň has köp ara alyp maslahatlaşylmagyna ýol açdy. Ýöne, hyýaly älem (metaverse) konsepti ozal hem onlarça ýyl bäri bardy.

Aslynda, “metaverse”, ýagny hyýaly älem Internetdäki üç ölçegli (3D) gurşawlara hyýaly öýkünilmegidir. Üç ölçegli wirtual gurşawlar adaty kompýuterleriň üsti bilen, şeýle-de, hyýaly hakykat (Virtual Reality – VR) we giňeldilen hakykat (Augmented Reality – AR) ýaly äýnekler arkaly janlandyrylýar.

Ýöne hyýaly älemi emele getirýän elementler we ýaşaýşyň barha wirtuallaşýan ugurlary bireýýäm ynsan durmuşyna ornaşyp başlady.

NFT-ler, ýagny taýsyz žetonlar barha golaýlaýan hyýal äleminiň pul birligi hökmünde bireýýäm orta çykdy. Bu traýektoriýanyň öňümizdäki ýyllarda has-da giňemegine garaşylýar.

Bir ýyldan hem az wagtyň dowamynda 400 million dollar möçberinde pul serişdesi taýsyz žetonlara (NFT-lere) sarp edildi, depgin güýçlenýär. Forbes žurnalyna görä, her aý takmynan 40 million dollara barabar pul serişdesi bu žetonlara sarp edilýär, şeýle-de her aý aýry-aýry žetonlar üçin rekord derejede girdeji gazanylýar.

Şeýle-de, adamlaryň hyýaly we hakyky durmuşynyň arasyndaky meňzeşlik köpelýär we iri kompaniýalar bu ýagdaýdan pul ýasaýar.

“Nike” kompaniýasy hyýaly sport aýakgaplaryny we sport egin-eşiklerini satuwa çykarmaga taýýarlyk işleriniň çäginde oktýabrda söwda nyşanlary boýunça arza berdi. Bu kompaniýa ýaňy-ýakynda özüniň “sanly transformasiýasyny” çaltlandyrmak üçin bir kiçi telekeçilik kärhanasyny satyn aldy.

Beýleki iri moda brendleri hem hyýaly äleme uýgunlaşýar. Ýaňy-ýakynda amala aşyrylan bir wirtual söwda geleşiginde 4,115 dollarlyk el sumkasy we 341 müň dollarlyk täç satyldy.

Mark Zukerbeg wirtual maslahatda söz sözleýär. 28-nji oktýabr, 2021 ý.
Mark Zukerbeg wirtual maslahatda söz sözleýär. 28-nji oktýabr, 2021 ý.

Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda gozgalmaýan sanly emläkleriň bahalary hem rekord goýýar, sanly binagärçilik kärhanalary hyýaly taslamalar üçin 300 müň dollara çenli baha soraýar.

“Hyýaly älem eýýäm işikde. Ençeme tehnologiýa kompaniýalary uzak geljek üçin ösüş mümkinçiliklerini meýilleşdirenlerinde bu möhüm konsepte göz ýetirmelidirler” diýip, düýbi ABŞ-da ýerleşýän “Alliance Berstein” dellalçylyk kompaniýasynyň uly analitigi Mark Şmulik žurnalistler bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde aýtdy. “[Sanly durmuşy köpçülikleýin kabul etdirjek] ägirt açyş heniz öňde hem bolsa, biz şol möhüm pursata adamlaryň çak edişinden has golaý bardyk” diýip, ol aýtdy.

Sap tilsimat ösüşlere taýýar

Howanyň üýtgemegi boýunça hökümetara BMG toparynyň şu ýylyň başlarynda çap eden hasabatyna görä, gazylyp alynýan energiýa serişdelerine dowamly garaşlylyk dünýäni geçen 2,000 ýylyň dowamynda görlüp-eşidilmedik depginde maýladýar. “Munuň täsirleri dünýäde rekord derejelere ýeten gurakçylykda, tokaý ýangynlarynda we suw joşmalarynda aç-açan ýüze çykýar” diýip, hasabat aýdýar.

Möhüm hasabata görä, bug gazlarynyň zyňyndylary dowam etse, ýagdaýlar has-da ýaramazlaşar we öňümizdäki ýyllarda ýangyç serişdeleri boýunça kabul ediljek kararlar ýer şaryna ýetiriljek zyýanyň gerimini kesgitlemekde möhüm faktor bolar.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, ekologiki taýdan arassa transport serişdeleri, energiýa tygşytlaýan binalar, suw serişdeleriniň durnukly dolandyrylmagy 2022-nji ýylda ösüş depgini ýokarlanjak sap tilsimat meýilleriniň özenini emele getirýär. Bu bolsa adamzat üçin seresaply umyt döredýär.

“McKinsey” geňeşdarlyk kärhanasynyň ýylyň jemleri boýunça çap eden hasabatyna görä, dünýä boýunça zerur bolan ýangyjyň 75 göterimi 2050-nji ýylda durnukly serişdelerden öndüriler, şeýle-de sap tilsimat bilen bagly tölegleriň möçberi peselýän mahaly, dürli pudaklarda olardan peýdalanmagyň depgininiň ýokarlanmagyna garaşylýar.

Günorta Afrikanyň şemal fermalarynda gaýtadan dikeldilýän energiýa öndürilýär.
Günorta Afrikanyň şemal fermalarynda gaýtadan dikeldilýän energiýa öndürilýär.

Ýöne sap tilsimat özgertmeleri ösüşlere beslenýän mahaly, köp sanly analitik täzeçilligiň tötänden ýol açyp biljek käbir zyýanly taraplary barada duýdurýar.

Meselem, awtoulag öndüriji kärhanalar howanyň üýtgemegine garşy göreş tagallalarynyň çäginde ýangyç bilen işleýän awtoulag öndürmegiň deregine elektrik energiýasy bilen işleýän awtoulaglary öndürmäge çalyşýan wagtynda, dünýädäki kobaltyň üçden birini öndürýän Kongo dünýä sahnasynda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Elektrik energiýasy bilen işleýän awtoulaglaryň önümçiliginde kobalt ulanylýar.

Gazylyp alynýan energiýa serişdelerinden el çekilmegi howanyň global maýlamagyna garşy göreşde ýardamçy bolup biler, ýöne “New York Times” neşiriniň ýaňy-ýakynda geçiren derňewi sap tilsimat çözgütleriniň aglabasynyň öz ýany bilen ahlak meselelerini getirendigini anyklady. Magdançylyk senagaty heniz hem “şol bir tanyş ekspluatasiýa tejribelerine, açgözlüge we betnebislige” eýerýär. Hususan-da, Kongo ýaly ösüp barýan ýurt bu zatlaryň aňsat täsirinde galyp biler.

Biotehnologiýa rewolýusiýasymy?

COVID-19 pandemiýasyna garşy işe ýaraýan sanjymyň gysga wagtyň içinde döredilmegi we wirusyň tiz wagtda anyklanylmagy, onuň täze ştamlarynyň öwrenilmegi biotehnologiýa ulgamynda gazanylan ösüşleriň saýasynda amal edildi. Bu ugur öňümizdäki ýylyň dowamynda has-da ösüşlere beslenip biler.

“Deloitte” geňeşdarlyk kompaniýasyna görä, ynsan genetikasyna öwrenmek üçin sarp edilýän çykdajylar soňky 10 ýylyň dowamynda 45 esse azaldy. Genetiki düzümleriň dessin seljerilmegi dürli ugurlarda, şol sanda täze sanjymlary işläp düzmekde, her bir adamyň beden gurluşyna laýyklykda lukmançylyk hyzmatlarynyň üpjün edilmeginde we gen bejergilerinde täze mümkinçilikleri hödürleýär.

Deloitte biologiýa ylmyndaky ösüşleriň öňümizdäki ýylyň dowamynda “ykdysadyýete we ynsan durmuşyna, şeýle-de saglyk, oba hojalygy, sarp ediş harytlary, material serişdeler we ýangyç pudagy ýaly ähli senagat ugurlaryna” içgin täsir etjekdigini çaklaýar.

Ýarym geçiriji ýetmezçiligi

Birleşen Ştatlar bilen Hytaý aradaky söwda-tehnologiýa gapma-garşylygy 2017-nji ýylda köpçüligiň dykgatyny çekeli bäri, esasy üns söwda çaknyşygyna hem-de Hytaýyň iň iri tehnologiýa kompaniýasyna, 5G lideri “Huawei” kärhanasyna garşy Amerikanyň alyp barýan kampaniýalaryna gönükdirilýär.

Ýöne ABŞ-nyň sanksiýasy we ýarym geçirijiler üçin zerur bolan komponentlere elýeterliligi petiklemegi Hytaý üçin hem-de global üpjünçilik üçin düýpli mesele döredýär.

Hytaý firmalarynyň ýarym geçiriji üpjünçiligini çäklendirmek üçin edilýän tagallalar we ösen çip zawodlarynyň ABŞ topragynda gurulmagynyň höweslendirilmegi diňe bir ýarym geçiriji önümçiligini geopolitiki basdaşlyga itermedi, eýsem, artýan talaplaryň arasynda, üpjünçilikde bökdençlige ýol açdy.

Awtoulaglardan başlap, elektroniki tigirlere, kir ýuwujy maşynlara we diş çotgalaryna çenli bir topar önümde ýarym geçiriji ulanylýar. Ýöne şeýle mikroçipler ýetmezçilik edýär, Hytaý kompaniýalary “harasatdan aman galmaga” synanyşyp, isleg bildirilýän çipleriň ätiýaç ammaryny giňeldýär.

“Bu ýerde esasy mesele: çiplerden öndürilýän harytlarda diňe ýekeje çip ulanylmaýar” diýip, “Gartner” gözleg firmasynyň analitigi Alan Priestly aýdýar. “Täze smartfonlarda bir topar çip bar, olar elektrik akymyna gözegçilik edýär, ynha häzirki günde şol çipler ýetmezçilik edýär” diýip, ol belledi.

Munuň gysga möhletdäki täsiri inflýasiýa we käbir harytlaryň tekjelerden wagtlaýyn ýitirim bolmagyna getirip biler, ýöne uzak geljekdäki täsiri köp ýurduň öz-özüni ýarym geçiriji bilen üpjün etmegine getirer.

Dünýädäki çipleriň agramly bölegi Hytaýda öndürilýär, ABŞ bu ugurda ikinji orunda gelýär. Ýöne iki ýurt hem ýarym geçiriji öndürmek üçin birek-biregiň komponentlerine we beýleki bazarlara mätäçlik çekýär.

Hytaý içerki üpjünçiligi doly kanagatlandyrmak üçin milliardlarça dollar maýa goýýar, ABŞ hem bu senagaty öz çäginde ösdürmegi maksat edinýär.

Ýewropa Bileleşiginiň ýerine ýetiriji organy bolan Ýewropa Komissiýasy hem ýerli üpjünçiligi doly kanagatlandyrmak tagallalarynyň çäginde Ýewropada çip öndürýän zawod gurmak isleýändiklerini mälim etdi.

“Bu giň gerimli özgerişiň ýaňy uzak wagta çenli, 2022-nji ýyldan has aňyrdaky ýyllarda hem dowam eder” diýip, Priestly aýtdy.

Harbylaşdyrylan kosmos

Russiýa ABŞ kosmonawtlarynyň janyna howp abandyryp, öňünden duýduryş bermezden özüniň köne bir aragatnaşyk hemrasyny urup ýykandan bary-ýogy birnäçe hepde soňra, Birleşen Ştatlar kosmosdaky harby tälim-türgenleşikleriniň çäginde 13-nji dekabrda Hytaý bilen Russiýadan abanýan howplar bilen baglylykda Ýerden ep-esli kilometr ýokarda özüniň emeli hemra kuwwatyny synagdan geçirdi.

ABŞ-nyň tälim-türgenleşigi kompýuter goldawly simulýasiýalardan ybarat bolan hem bolsa, ol çäreler ABŞ-nyň raketa yzarlaýyş emeli hemralarynyň urlup ýykylmagy ýaly görkezme çykyşlary, emeli hemra arkaly signal petiklemeleri we başga-da kosmosda mümkin bolan elektroniki uruş taktikalaryny öz içine aldy.

Kosmosdaky konfliktiň depgini güýçlenýär diýip, ABŞ-nyň Kosmos güýçleriniň kosmos operasiýalary boýunça wise-başlygy general Dawid Tompson (David Thompson) noýabrda “Waşington Post” neşirine beren interwýusynda aýtdy. Ol onýyllygyň ahyryna çenli Hytaýyň Birleşen Ştatlardan ozup, kosmosda öňdebaryjy güýje öwrülmeginiň mümkindigini aýtdy.

SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketasy kosmosa iberilýär. 23-nji noýabr, 2021 ý.
SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketasy kosmosa iberilýär. 23-nji noýabr, 2021 ý.

Ýer planetasyndan alysdaky uruş taktikalary fantastiki çeper filmlerde görkezilişi ýaly däl elbetde, ýöne şonda-da bu tärler uruş hereketi hökmünde hasaplanyp bilner.

Habar berilmegine görä, Hytaý harby güýçleri kosmos uruşlaryna niýetläp, ýerden dolandyrylýan ulgamlary, şol sanda ABŞ-nyň aňtaw gulluklarynyň emeli hemralaryna zyýan ýetirip bilýän lazerleri, ornaşdyrýar. Şeýle-de, Hytaý harby güýçleriniň beýleki emeli hemralary penjeläp bilýän, robot el ýa-da çeňňek arkaly tutup bilýän emeli hemra işläp düzýändigine ynanylýar.

Ýöne has alada döredýän ýagdaý, BMG-niň Ýaragsyzlanmak boýunça Ženewadaky barlag institutynyň kosmos howpsuzlygy boýunça bilermeni Daniel Porrasa görä, kosmos konfliktleri boýunça şertnamalar, doktrinalar, ýa-da umumy düzgünler köp däl.

“Gatnaşygyň düzgünleri ýok” diýip, Porras aýdýar. “Başgalaryň kosmos ulgamlaryna gatyşylmagy boýunça öňüni alyş mehanizmi ýok” diýip, ol belledi.

Kosmosdaky ýarag basdaşlygy güýçlenýän mahaly, häzirki wagtda bu boýunça heniz diplomatiýa mümkinçiligi ýok.

“Tehnologiýa ösüp, kosmosdaky ýaraglaryň gözegçiligi boýunça möhüm borçnamalaryň ýok mahaly, kosmos ýarag ýaryşy baradaky düşünje golaýlaýar” diýip, Porras aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG