Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan türk harytlarynyň importyna girizen gadaganlygyny ýatyrdy


Ermenistan hökümeti 30-njy dekabrda maslahat geçirdi, ýöne onuň dowamynda türk harytlarynyň import gadaganlygy baradaky mesele maslahatyň gün tertibine getirilmedi.
Ermenistan hökümeti 30-njy dekabrda maslahat geçirdi, ýöne onuň dowamynda türk harytlarynyň import gadaganlygy baradaky mesele maslahatyň gün tertibine getirilmedi.

Ermenistan hökümeti geçen ýyl Daglyk Garabag üstünde turan uruşda Türkiýäniň Azerbaýjany goldamagy sebäpli türk harytlarynyň importyna girizen gadaganlygyny ýatyrdy.

“Türk harytlarynyň ýurda import edilmegi baradaky gadaganlygyň möhletini uzaltmazlyk babatda karar kabul edildi” diýip, Ermenistanyň Ykdysadyýet ministrligi Facebook ulgamynda aýtdy. Karar 1-nji ýanwardan güýje girýär.

Bu gadaganlyk 2020-nji 30-njy dekabrynda girizildi we iýunda ýene-de alty aý möhlet bilen uzaldyldy. Uzaldylan gaganlygyň möhleti 31-nji dekabrda gutarmalydy.

Iki hepde gowrak mundan ozal, Ermenistanyň Ykdysadyýet ministrligi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugyna import gadaganlygyny ýene-de alty möhlet bilen uzaltmagyň üstünde işlenilýändigini aýdypdy, ýöne bu asla hökümetiň gün tertibine getirilmedi.

Iň soňky hökümet maslahaty 30-njy dekabrda geçirildi we munuň yz ýany, Ykdysadyýet ministrligi beýanat çap edip, pudagara maslaht netijesinde türk harytlaryna girizilen import gadaganlygyny uzaltmazlyk babatda karar kabul edilendigini mälim etdi.

Gadaganlygyň ýatyrylmagynyň ermeni harytlarynyň ekporty üçin oňyn şertleri döretmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG