Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaragsyzlanmak boýunça konferensiýa pandemiýa sebäpli ýene yza süýşürildi


BMG-niň nyşany
BMG-niň nyşany

Öňümizdäki hepde başlamagy meýilleşdirilen global ýaragsyzlanmak boýunça maslahat ýene bir gezek koronawirus pandemiýasy sebäpli yza süýşürildi.

1970-njy ýylda kabul edilen Ýaragsyzlanmak boýunça şertnama tarap bolan 191 ýurduň wekiliýeti, pandemiýa sebäpli ara giren iki ýyl arakesmeden soň, 4-nji ýanwarda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Nýu-Ýorkdaky baş binasynda duşuşmalydy.

Ýöne guramaçylar COVID-19 bilen kesellän ýa-da karantin astynda galýan işgärleriň sanynyň köpdügi sebäpli maslahatyň geçirilmeli wagtyny yza süýşürmek kararyna geldi diýip, AP BMG-niň 30-njy dekabrdaky elektron hatyna salgylanyp habar berdi.

Konferensiýa gaýtadan 1-nji awgusta meýilleşdirildi.

Bu maslahat her bäş ýylda bir gezek geçirilýär we ony ilkibaşda 2020-nji ýylyň bahar aýlarynda geçirmek meýilleşdirilipdi.

Ýaragsyzlanmak boýunça şertnama ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almaga niýetlenen iri halkara şertnamadyr.

XS
SM
MD
LG